Ýuwaş ummany ýekelikde geçen ilkinji ýaşuly

Ýaponiýaly Keniçi Hori kiçijik gaýygy bilen Ýuwaş ummanyndan geçen ilkinji ýaşuly hökmünde adyny ýazdyrdy. 83 ýaşly ýapon uzynlygy 6 metr bolan “Suntory Mermaid III” atly üçegi Gün panelli gaýygy bilen hiç bir adada düşlemezden Ýer ýüzüniň iň uly ummanyny kesip geçdi.

Ol 27-nji martda San-Fransiskodan başlan syýahatyny Ýaponiýanyň Kin kanalynda tamamlady. 69 günde takmynan 8500 kilometr ýol geçen Keniçi bu aralygy entek ýaş wagty hem geçen eken.Ol mundan 60 ýyl ozal, 23 ýaşyndaka, 1962-nji ýylda hiç bir adada düşlemezden bu aralygy geçipdir.

Onuň ilkinji syýahaty Ýaponiýadan San-Fransisko tarap bolupdyr.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň iň gowy howa menzili
Halkara awiakompaniýalaryň birnäçesi 5G zerarly ABŞ-a uçuşlary ýatyrmakçy
Bloomberg: Google-iň işgärleri aprel aýynda ofise gaýdyp bararlar
Iki ýyldan soňra serhedini açdy
1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni
83 ýaşly ýapon gojasy Ýuwaş ummany ýüzüp geçdi