Ýuwentus 43 ýaşly Buffon bilen şertnamasynyň möhletini uzaltmak isleýär

Ýuwentus 43 ýaşly Buffon bilen şertnamasynyň möhletini uzaltmak isleýär

Turiniň “Ýuwentus” klubunyň müdiri Fabio Paratiçi toparyň Buffon bilen şertnamany uzaldyp biljekdigini belledi. Şol bir wagtyň özünde klubuň baş tälimçisi Andrea Pirlo italiýaly derwezebanyň indiki möwsümde hem toparda galjakdygyna umyt bildirdi. Bu barada csn-tv.ru habar berdi.

Pirlonyň pikiriçe, Buffon häzir fiziki taýdan gowy we henizem futbol oýnap biljekdigini subut edýär. Geçiren duşuşyklarynyň sany boýunça Buffonyň Italiýanyň çempionatynda birinji orundadygyny ýatladýarys. Onuň hasabynda A Seriada 65 oýun bar. Buffon çempionatda ilkinji gezek 1995-nji ýylda çykyş etdi.

Ýene degişli makalalar

Transfer täzelikleri
“Ýunaýtediň” taryhy ýeňşi
“Ýunaýtediň” taryhy ýeňşi
Diňe 8 futbolça başartdy
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
PSŽ bir ädim öňde