Zaharowanyň Uçary Bolgariýanyň Howa Giňişligine Kabul Edilmedi

Zaharowanyň Uçary Bolgariýanyň Howa Giňişligine Kabul Edilmedi

Uçar ugruny üýtgedip Gresiýanyň üstaşyr uçmaly boldy.

Russiýanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow Bolgariýanyň hökümetini kabul edýän kararlarynda has ýerlikli çemeleşmäge çagyrdy. Peskow: “Bolgariýanyň hökümetiniň çemeleşmesini düşündirmek mümkin däl. ikinjisi karar haýsydyr bir çäge sygmaýar. Üçünjisi bu karar dolulygyna absurt, hat-da samsyklyk diýip bileris” diýdi.

Russiýanyň Daşary işler minstri Sergeý Lawrowyň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň maslahatyna gatnaşmak üçin Skopiýa barýan uçarynda Mariýa Zaharowa hem bardy. Ministriň uçary ozal meýilleşdirilişi ýaly Bolgariýanyň däl, Gresiýanyň üstaşyr uçmalydy.

Zaharowa hem Bolgariýanyň hökümetiniň kararyny “howply samsyklyk” hökmünde häsýetlendirdi. Zaharowa “Telegram” kanalynda “Bu diňe bir samsyklyk däl, Bolgariýanyň hökümetindäki intrikaçylardan biriniň howply samsyklygy” diýip ýazdy.

Ýene degişli makalalar

Kreml: "Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygy bes edildi" diýdi
Russiýanyň daşary işler ministri Hytaýda saparda bolýar
Türkmen wekiliýeti Kazanda geçiriljek Owganystan boýunça Moskwa formatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşar
Zaharowa: "ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda barlygy durnuklylyk getirmez" diýdi
Telegram Dagystanyň aeroportuny basyp almaga çagyran kanaly petikledi
Russiýa Fransiýa Reaksiýa Bildirdi