118 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek finalda

Germaniýanyň Kubogy (DFP Pokal) ýaryşynda ilkinji ýarym finalçy belli boldy.Myhmançylykda 2-nji ligada çykyş edýän “Hamburg” toparyny 3-1 hasabynda ýeňen “Fraýburg” finalda oýnamaga hukuk gazandy.

Duşuşykda gollarynyň baryny 1-nji ýarymda geçiren “Fraýburgyň” adyndan Petersen (11) Höfler (17) hem-de Grifo (35 p) tapawutlandy. “Hamburgyň” ýeke-täk goluny 88-nji minutda Glatsel geçirdi. Şeýlelikde, “Fraýburg” topary 118 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Germaniýanyň Kubogy ýaryşynda finala çykdy.

Onuň finaldaky garşydaşy şu gijeki “Leipsig” “Union Berlin duşuşygyndan soň belli bolar.

Ýene degişli makalalar

“Bawariýany” durzup bolanok, 15 oýundan bäri ýeňiş gazanyp gelýär
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
Sport täzelikleri
Dünýä Kubogyna 54 gün galdy
FUTBOL TÄZELIKLERI
“Barselonadan” utulanynyň ahmyryny “Bohumdan” çykardy