15 ýaşynda çempion boldy

Awstriýanyň Lins şäherinde zenanlaryň arasynda geçirilen “Lins Açyk” tennis ýaryşynda amerikaly tennisçi Koko Gauf çempion boldy. 15 ýaşyndaky tennisçi finalda latwiýaly Ýelena Ostapenkony 3 setde ýeňlişe sezewar etdi. 1-nji setde Gauf 6:3 ýeňiş gazanan bolsa, 2-nji setde Ostapenko 6:1 üstün çykyp, hasaby deňledi.

Final setinde bolsa, Gauf 6:2 hasap bilen ýeňiş gazanyp, özüniň sport ýolundaky ilkinji çempionlyk kubogyny ýokary galdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Nadalyň 10-njy “Rolan Garros” çempionlygy
Maýamide ýer eýeleri ýeňiş gazandy
Merkezi Aziýaly tennisçi ýylyň iň köp pul gazanan tennisçileriniň onlugyndan orun aldy
Kömelek keseliniň tebigy bejergi usullary
Sampras bilen deňleşdi