24 ýaşynda futboly taşlady

Angliýanyň “Premier Ligasynyň” kluby “Braýton end How Albion” toparynyň zambiýaly ýarymgoragçysy Enok Mwepu 24 ýaşynda karýerasyny tamamlandygyny habar berdi. Ýüregagyry sebäpli karýerasyna soňky nokady goýandygyny aýdan Mwepu bu barada: “Futboldaky iň uly maksadyma ýetdi.

Premier Ligada çykyş edenime şükür edýärin. Ýöne gynansagam käbir arzuwlar tiz tamamlanýar.Saglyk ýagdaýym sebäpli hem-de lukmanlaryň maslahaty boýunça futboly taşlamaly bolýaryn.Elbetde futbolda çürt-kesik üzňe galmaryn.

Hemişe futbolyň içinde bolaryn. Şeýle mümkinçilikler üçin hem-de maňa goldaw beren hemmä köp sagbolsun aýdýaryn.Maşgalama, ýanýoldaşyma, menejerime, tälimçime, Braýton end How Albion toparyna, hemmelere çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin” diýdi.

Toparyň resmi internet saýtynda-da bu barada: “Enokyň hroniki ýüregagyrysynyň bolmagy onuň bäsleşigi ýokary bolan futbol oýnamagyna päsgel berýär.Onuň saglygy üçin howply ýagdaýlar bolup biler. Şol sebäpli-de Enok karýerasyny tamamlaýar.

Topar hökmünde onuň gowulaşmagy üçin ähli goldawlarymyzy, ýardamlarymyzy gaýgyrmarys” diýlip, habar berildi.Tälimçi Roberto De Zerbi hem öz gynanjyny beýan edip: “Enok üçin gynanýaryn.Bilelikde uzak möhlet işleşmekçidik.

Oňa gerek bolan ähli kömegi etjekdigimizi aýdaýyn” diýip, beýanat berdi.

“Braýton” topary Enok Mwepuny 2021-nji ýylda “Red Bull Salsburgdan” 23 million ýewro transfer edipdi. Ol şondan iňlis kluby bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşypdy. Enok Mwepu “Red Bull Salsburgda” 4 möwsümde 119 oýunda 18 gol geçiripdi. “Braýtonda-da” 27 oýunda 3 gezek tapawutlanan Enok Mwepu Zambiýanyň ýygyndysynda 23 duşuşykda meýdança çykdy (6 gol).

Ýene degişli makalalar

“Bawariýa”, “Barselona”, “Inter” bir toparçada UEFA Çempionlar Ligasynyň bijeleri çekildi
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
“Milan” hüjümini güýçlendirýär
“Arsenal” 6 ýyldan soň 6 gol bilen 1/8 finala çykdy
Ýyldyz oýunçy Ronaldonyň toparynyň düzümine goşuldy
Günüň transfer täzelikleri