30 ýyl garaşylan çempionlyk (Liwerpulyň taryhy çempionlygyna syn)

Liwerpul topary soňky gezek çempion bolanda, Angliýanyň hökümet başlygy Margaret Tetçer bolup, şondan bäri 6 premýer-ministr çalyşýar.Liwerpulyň soňky sapar çempion bolanyna çärýek asyrdan gowrak wagt geçip, şol ýyl dünýä inen çagalar bu wagt öýli-işikli, ullakan adamlar bolup gitdi.

Liwerpul soňky gezek çempionlyk gazananda, toparyň häzirki düzüminde oýnaýan we çempionlyk gazanan oýunçylaryň köpüsi entek dogulmandylar hem.Ine, şol nukdaýnazardan toparyň çempionlygynyň ähmiýeti liwerpullylar üçin diýseň uly.Topar şol 30 ýyllyk döwürde jemi 5 gezek 2-nji ýeri eýeläp, aýratynam şolaryň soňky ikisinde çempionlygyň bosagasyndan gaýdýar.

Ikisinde-de agza-burna gelen çempionlygy Mançester Sitä aldyrýar.Birinjisi 20132014, beýlekisi bolsa 20182019 futbol möwsümleri.Liwerpul geçen möwsümde 97 utuk toplap, çempionaty 2-nji hatarda tamamlaýar.

Ol bu görkeziji esasynda Ýewropada 97 utuk bilen çempionlyk gazanyp bilmedik ilkinji klub bolýar.Galyberse-de, Premier liganyň çempionlyk hasratynyň çekilen 30 ýylynda Liwerpul degişlilikde, Ýewropa ligasynda 1, Çempionlar ligasynda 2, UEFA Super Kubogynda 3 gezek ýeňiş gazanýar.

2015-nji ýylyň oktýabrynda tälimçilige bellenen Ýurgen Kloppuň taktiki tilsimlerini toparyň süňňüne ornaşdyrmagy o diýen köp wagta çekmeýär. Ýöne muňa garamazdan, çempionlyk üçin Kloppam, toparam 5 ýyl garaşmaly bolýar (30 ýyla seredeniňde, 5 ýylyň gürrüňi bolmaz).

Sebäbi Kloppuň garşysynda çempionlyk ugrunda ýiti göreş alyp barýan ussat tälimçi Pep Guardiola bar.Janköýerleriň iň esasy arzuwy Premier ligada klublarynyň çempionlyk gazananyna şaýat bolmakdy. Şol sebäpli geçen möwsümde gazanylan Çempionlar ligasynyň kubogy-da janköýerleri o diýen kanagatlandyrmaýar.

Täze möwsüme transfersiz başlan Liwerpul çempionlygyň iň esasy dalaşgäri diýlip görkezilýär. 20192020 möwsümine Liwerpul juda şowly başlaýar.Topar öz meýdançasynda-da, myhmançylykda-da yzygiderli ýeňişler gazanýar.Hatda 28-nji tapgyra çenli hiç hili ýeňilmän gelýär (diňe 1 oýunda deňme-deň bolýar).

Mançester Sitiniň garaşylmadyk ýagdaýda utuk ýitirmeginden soň, aratapawut ep-esli açylýar.Eýýäm 1-nji aýlaw tamamlanmanka, çempion belli diýen ýalydy.Janköýerleriň arasynda Liwerpulyň möwsümiň tamamlanmagyna näçe tapgyr galanda çempionlygyny yglan etjekdigi barada gürrüňler edilýär.

Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli mejbury arakesmeden soň, täzeden başlan çempionatyň 30-njy tapgyrynda Liwerpul myhmançylykda şäherdeşi Ewerton bilen deňme-deň oýnaýar.Ondan soňam, öz meýdançasynda Kristal Palasy 40 ýeňip, ÇelsiMançester Siti duşuşygynyň netijesine garaşyp başlaýar.

Bu oýunda Sitiniň utulmagyndan soň, toparyň janköýerleri bilen bir hatarda, ähli futbol muşdaklarynyň 30 ýyllyk arzuwy ahyry hasyl bolýar.Angliýanyň halkara ýaryşlardaky iň başarnykly kluby, ýerli ligada iň köp ýeňiji bolan 2-nji kluby Liwerpul dünýäniň iň söýgüli çempionaty hasaplanýan Premier liganyň 28 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek çempion bolmagy başarýar.

Premier liga adyny alýança ýurduň iň öňdebaryjy topary bolan Liwerpul üçin bu ýagdaý geň galarly.Sebäbi Blekbörn, Lester ýaly klublaryň çempionlyk gazanan Premier ligasynda Liwerpulyň şu wagta çenli çempionlygynyň bolmazlygy gaty täsin.

Ine-de, soňky ýyllarda diňe bir liwerpullylaryň däl, eýsem, beýleki futbol janköýerleriniň-de esasy üns merkezine öwrülen bu 30 ýyllyk düýş ahyry hakykat ýüzünde-de amala aşýar.

BIRNÄÇE REKORD TÄZELENDI

Elbetde, juda köp garaşylan bu çempionlyk rekordsyz bolmaýar.Bu taryhy çempionlyk ýany bilen birnäçe rekordlar hem gazandyrýar. Şolaryň biri çempionlygyň möwsümiň tamamlanmagyna 7 tapgyr galanda, ýa-da 31-nji tapgyrda gazanylmagy Premier liganyň taryhyndaky iň ir çempionlyk hökmünde hasaba alynýar. Şeýle-de fewral aýynda West Hamy 32 hasabynda ýeňlişe sezewar eden Liwerpul öz meýdançasynda bassyr 21-nji duşuşygynda ýeňiş gazanyp, bu ugurda Mançester Sitiniň rekordyny täzeleýär.

Häzirki wagtda bu rekord 23 duşuşyga ýetdi. Çempionatda yzly-yzyna 18 duşuşykda ýeňiş gazanyp, bu babatda Sitiniň rekordyna şärik bolýar. 1-nji fewralda Southemptony 40 ýeňen Liwerpul 2-nji hatardaky Siti bilen utuk aratapawudyny 22-ä ýetirip, bu ugurda-da rekord goýýar. Şol bir wagtyň özünde çempionatdaky ähli topary ýeňen Liwerpul 128 ýyllyk taryhynda ilkinji ýola şeýle üstünlik gazanýar. 29-njy fewralda garaşylmadyk ýagdaýda Watforddan 30 asgyn gelen Liwerpul Premier ligada 44 oýundan soň ýeňlip, Arsenalyň rekordynyň bosagasyndan gaýdýar. Şeýle-de toparyň tälimçisi Klopp Premier ligada çempionlyk gazanan ilkinji nemes tälimçisi bolýar.

Liwerpulyň soňky 2 çempionlygynyň arasynda 11016 gün bolup, ol şol 30 ýylda çempionatyň çäginde 1151 duşuşyk geçirýär we şol oýunlarda 1975 goly derwezä girizýär.

Ýene degişli makalalar

92 ýyldan soň 50 gola ýeten ilkinji futbolçy
5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ýylyň futbolçysy we tälimçisi kim bolar?
"Liwerpul" "Wilýarrealy" ýeňip, UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy
“Liwerpul” 10-njy gezek finalda çykyş eder
Iki oýunda 9-0 we 129 ýylyň iň ýaramaz netijesi
Liwerpul UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ýakynlaşdy