ABŞ-da öýleriň birinde partlama boldy

ABŞ-da öýleriň birinde partlama boldy

The New York Times gazedi tarapyndan berilen habara görä Wirjiniýa ştatynyň Sterling şäherinde Ýangyn söndüriji gullugynyň işgärleri gaz syzýandygy barada alan maglumatlarynyň esasynda ýerli wagt bilen sagat 19:40-da wakanyň bolan ýerine bardylar.

Laudon okrugynyň Ýangyn söndüriji gullugynyň metbugat geňeşçisi Laura Rinehart, toparyň gyzyň syzýan ýerini anyklandyklaryny we howply maddalara garşy göreş toparyndan kömek sorandyklaryny mälim etdi.

Ýangyn söndüriji gullugynyň şefiniň orunbasary Jeýms Williams toparyň öýüň içinde bolan mahaly partlmanyň bolandygyny habar berdi.

Saglygy goraýyş edarasynyň resmileri partlamada 1 ýangyn söndürijiniň ýogalandygyny, 11-i ýangyn söndüriji bolmak bilen 13 adamyň hem ýaralanandygyny beýan etdiler.

Gazyň näme sebäpli syzandygy bilen bagly başladylan derňew işiniň dowam edýändigi mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde 7 gatly bina çökdi
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary
17-nji Dünýä çempionaty
Prezident Berdimuhamedowyň ogly Ýewropa saparyny dowam etdirip, Welosipedçiler birleşiginiň başlygy bilen duşuşdy
Halkara guramasynyň täze başlygy