Amerikanyň adam hukuklary boýunça üçünji Amerikan halkara konferensiýasyna gatnaşyjylar Amerikanyň jenaýatlaryny we wagşyçylyklaryny taryh boýunda düşündirdiler.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Kumda geçirilen Amerikanyň adam hukuklary boýunça üçünji bir günlük halkara konferensiýasynda seminariýanyň we uniwersitetiň mugallymlary we elitalary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň jenaýatlaryny we wagşyçylyklaryny düşündirip, Täze yslam siwilizasiýasyna ýetmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu konferensiýa şenbe güni Kum şäherinde geçirildi.
Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň eserlerini gorap saklamak we neşir etmek gullugynyň wekili "Mohsen Pak-Aýn" bu ýerlikde Amerikalylaryň jenaýatlaryny paş etmegiň bu ýurduň peselmegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny aýtmak bilen Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň Amerikanyň Adam Hukuklary Hepdesi döwründe Amerikanyň jenaýatlaryna üns bermek islegi propaganda we wagtlaýyň mesele dälde eýsem Yslam ulgamynyň strategik maksadydyr diýdi.
Pak-Aýn sözüniň dowamynda häzirki wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlary dünýäde kabul edilmegini ýitirendir şonuň üçin ýüzüni aklamaga synanyşýar diýdi.
Bu ýygnaga gatnaşanlar Yrakda we Owganystanda aýal-gyzlaryň we çagalaryň öldürilmegini we Al-Kaýda we DAEŞ ýaly terrorçy toparlary döretmek we goldamak, munafyklary we olaryň öldürilmegini goldamak, Eýranyň ýolagçy uçarlaryna hüjüm etmek we Saddamyň himiki ýaraglala elýeterliligi üpjün etmek arkaly sebitiň howpsuzlygyna şikes ýetirmek Amerikanyň adamzada garşy eden jenaýatlarynyň bir bölegidir diýip yglan etdiler.