Äpet kanonlar tapyldy

Alymlar Antarktikada buz gatlaklarynyň aşagynda äpet kanonlaryň üstüni açdy.Angliýanyň Nortumbriýa uniwersitetiniň doktory Keýt Winteriň ýolbaşçylyk edýän topary radar skannerleri arkaly buz gatlaklarynyň arasynda üç kanonyň bardygyny anyklady. “Foundation” atly kanonlaryň iň ulusynyň uzynlygynyň 350 kilometre, ininiň 35 kilometre barabardygy mälim edildi.

Bu kanonlaryň buz gatlaklarynyň hereketine täsir edýändigi aýdylýar.Britan Antarktika Barlaglary (BAS) geňeşiniň ylmy işgäri doktor Fausto Ferrasioli kanonlaryň tapylan sebitiniň Antarktikadaky iň az bilinýän ýerleriň biridigini belleýär.

Dünýäniň iň sowuk ýerinde geçirilen ylmy barlagyň netijeleri “Geophysical Research Letters” žurnalynda çap edildi.

Ýene degişli makalalar

Antarktikada iň uly buz bölegi gopdy
Äpet buz döwüler
Dünýäniň iň uly buz bölegi hereket edip başlady
Rekord bahadan satyldy
Meşhur suratkeşiň eserleri satyldy
5 gezek çempion bolan ýeke-täk topar
Lebapda we Daşoguzda Internet üpjünçiligi ýene ýaramazlaşdy, Starlink’ ulanýanlar peýda bolýar