“Ahal” “Alaý” bilen duşuşar

Aziýanyň klublarynyň arasyndaky 2-nji derejeli bäsleşik hasaplanýan AFK Kubogynda täze möwsümiň saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi.Saýlama tapgyryna ýurdumyzyň wise-çempiony “Ahal” topary hem gatnaşar.Olar saýlama tapgyrda Gyrgyz Respublikasynyň “Alaý” topary bilen güýç synanyşar.

Duşuşyklaryň 1-njisi 20-nji fewralda ýurdumyzda oýnalsa, jogap oýny myhmançylykda geçiriler.Iki oýnuň netijesi boýunça-da umumy hasapda öňe saýlanan topar pleý-off tapgyryna ýollanma alar.Pleý-off tapgyrynda-da Täjigistanyň “Hujand” kluby bilen duşuşar.

Ikitaraplaýyn oýunlar 6-njy we 13-nji martda geçiriler.Bu tapgyryň ýeňijisine-de Merkezi Aziýa zolagynda, has takygy, “D” toparçada çykyş etmäge ygtyýar berler. Ýurdumyzyň wise-çempiony “Ahal” geçen möwsümde deslapky saýlama tapgyrynda “Dordoýdan”, pleý-off tapgyrynda-da “Hujand” toparyndan üstün çykypdy. “Ahal” topary toparçada “Alaý” bilen hem duşuşypdy we Aşgabatda 50, myhmançylykda-da 32 ýeňiş gazanypdy.Häzirki wagtda “D” toparçanyň 2 kluby anyk belli bolup, olar ýurdumyzyň çempiony “Altyn asyr” we Gyrgyz Respublikasynyň “Dordoý” toparlarydyr. Şol birwagtyň özünde-de Täjigistanyň “Istiklol” ýa-da “Regar Tadaz” toparlarynyň biri-de bu toparçada çykyş eder.

Bu toparçadaky duşuşyklar 2-nji aprelde başlanyp, 26-njy iýunda tamamlanar. Ýeri gelende aýtsak, “Altyn asyr” topary bu ýaryşda geçen möwsümde finala çykyp, kümüş medala mynasyp bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherinden Aşgabada dolanyp geldi, 2024-nji ýylda Gyrgyzystan Türkmenistandan 1,7 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny import etmegi meýilleşdirýär we beýleki habarlar
Merw AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynda Gyrgyzystanyň Alaýyndan üstün çykdy
Alikperow we Bäşimow janköýerlere hoşallyk bildirdi
Aýbek Tatanow: Merw ýeňşi janköýerleri bilen bile gazandy
Türkmenistan Gazagystana we Hindistana howa gatnawlaryny dikelder, Aşgabatda täze jaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi, Serdar Berdimuhamedow ýurduň zenanlaryny 8-nji mart mynasybetli gutlady we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko 59 ýaşady, türkmen paýtagtynyň günortasynda AŞGABAT ýazgysy peýda bolar, Aşgabatda Halkara ýoga güni bellenildi we beýleki habarlar
Türkmenistan Erteki gürrüň berijilik sungaty boýunça Aziýa komitetiniň 15-nji mejlisine gatnaşdy, ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikleri geçirdi we beýleki habarlar