Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Türkmenistanyň Ahal toparynyň AFK Çempionlar ligasynyň 2023/24-nji ýyldaky möwsüminiň toparçalaýyn tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy. Şu gün Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde çekilen bijä laýyklykda, Ahal A toparçada Özbegistanyň Pahtakor, Saud Arabystanynyň Al-Feýha we BAE-niň Al-Aýn toparlary bilen güýç synanyşar.

Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyry 18-nji sentýabrda başlanyp, 13-nji dekabrda tamamlanar. Yklymyň klublaryň arasyndaky iň abraýly ýaryşynyň 1/8 finalyna her zolagyň (Günbatar we Gündogar) bäş toparçasynyň ýeňijileri hem-de her zolakdan toparçada ikinji orny eýelän iň oňat üç topar ýollanma alar.

Ýeri gelende bellesek, AFK Çempionlar ligasy şu möwsümde ilkinji gezek güýz-bahar görnüşinde geçiriler. Ýaryşyň ýeňijisi 2024-nji ýylda geçiriljek Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna hem-de turniriň indiki möwsümine gatnaşmaga hukuk gazanar.

Ýene degişli makalalar

AÇL ― 2023/24: Ahaldan ýeňlen topar Ronaldunyň garşydaşy boldy
Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi, Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanyň Baştutanyny doglan güni bilen gutlady, Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy we beýleki habarlar
Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ýubileý duşuşygyny geçirdi
Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Aziýanyň kubogy ― 2024 üçin düzümleri belli boldy
Ahalyň topardaşy AÇL-de pleý-offa çykan ilkinji topar boldy
Garaşylmadyk habar: Al-Aýnyň baş tälimçisi işden gitdi