“AHALYŇ” NOBATDAKY ÝEŇŞI

Türkmenistanyň wise-çempiony “Ahal” topary AFK Kubogy ýaryşynyň 1-nji saýlama tapgyryny üstünlikli tamamlady. Geçen hepdede Gyrgyz Respublikasyndan 21 hasabynda ýeňiş bilen dolanan “Ahal” paýtagtymyzda hem “Alaýdan” üstün çykmagy başardy. “Aşgabat” köp ugurly stadionda oýnalan duşuşyga 10500 janköýer tomaşa etdi. Duşuşykda Saud Arabystanyndan Mohammed Al-Hoiş jürlewük çaldy.

Çekeleşikli geçen oýunda bir gol hasaba alyndy. Ol goly-da “Ahalyň” ezber oýunçylaryndan Merdan Gurbanow 35-nji minutda öz adyna ýazdyrdy. Duşuşygyň galan minutlarynda taraplaryň amala aşyran hüjümlerinden netije çykmady. Şeýlelikde, “Ahal” topary “Alaýy” 10 hasabynda utup, ýaryşyň pleý-off tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandy.

“Ahalyň” indiki garşydaşy “Hujand” topary“Ahal” pleý-off tapgyrynda Täjigistanyň “Hujand” topary bilen toparçalara düşmek ugrunda güýç synanyşar. 1-nji duşuşyk 6-njy martda paýtagtymyzda oýnalsa, jogap oýny 13-nji martda myhmançylykda, Täjigistanyň Hujand şäherindäki “Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy” stadionynda geçiriler. Ýurdumyzda oýnaljak 1-nji oýunda gonkongly emin Ho Wai Sing jürlewük çalar.

Jogap duşuşygyna bolsa, tailandly Siwakom Puudom eminlik eder.Iki topar geçen ýyl hem pleý-off tapgyrynda duşuşypdy. Şonda “Ahal” ýurdumyzdaky oýunda 10, myhmançylykda-da 20 hasabynda ýeňiş gazanypdy. “Ahal” topary bu tapgyrda 2 oýnuň netijesi boýunça ýeňiş gazansa, onda olar bassyr 2-nji ýola AFK Kubogynda toparçalarda çykyş ederler.

Toparçanyň beýleki 3 kluby belli bolup, olar ýaryşyň wise-çempiony “Altyn asyr”, şeýle hem “Istiklol” (Täjigistan) bilen “Dordoý” (Gyrgyz Respublikasy) toparlarydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Gazagystana we Hindistana howa gatnawlaryny dikelder, Aşgabatda täze jaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi, Serdar Berdimuhamedow ýurduň zenanlaryny 8-nji mart mynasybetli gutlady we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko 59 ýaşady, türkmen paýtagtynyň günortasynda AŞGABAT ýazgysy peýda bolar, Aşgabatda Halkara ýoga güni bellenildi we beýleki habarlar
Türkmenistan Erteki gürrüň berijilik sungaty boýunça Aziýa komitetiniň 15-nji mejlisine gatnaşdy, ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikleri geçirdi we beýleki habarlar
AFK-nyň kubogy 2023/24: Merw ― Alaý duşuşygynyň geçiriljek ýeri belli boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherinden Aşgabada dolanyp geldi, 2024-nji ýylda Gyrgyzystan Türkmenistandan 1,7 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny import etmegi meýilleşdirýär we beýleki habarlar
Merw AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynda Gyrgyzystanyň Alaýyndan üstün çykdy
Alikperow we Bäşimow janköýerlere hoşallyk bildirdi