Aktýor Idris Elba girdejisini 11,2 million dollara çenli artdyrdy

Aktýor Idris Elba girdejisini 11,2 million dollara çenli artdyrdy

Golliwudda üstünlik gazanmagynyň hasabyna aktýor Idris Elba tamamlanyp barýan ýylda girdejisini iki esse artdyrdy. Bu barada Daily Mail neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

IE7 Limited hususy kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, aktýor girdejileriniň artmagy sebäpli, 930 müň dollar möçberinde salgyt töledi. Häzirki wagtda Elbanyň emlägi 11,2 million dollar bahalanýar.

Idris Elba filmlerdir seriallarda 100-den gowrak keşp döretdi. Diňe tamamlanyp barýan ýylda ol Islegiň üç müň ýyly, Tor: Söýgi we gümmürdi, Sonik 2 we Haýwan atly filmlerde surata düşdi.

Aktýora Marvel studiýasynyň Tor filmindäki Heýmdallyň, Azatlyga uzak ýol filminde Nelson Mandelanyň keşpleri, şeýle hem Forsaž we Janyna kast edijileriň topary filmlerinde çykyş etmegi has-da meşhurlyk getirdi.

Ýene degişli makalalar

Ajaýyp asyryň ýyldyzy türk seriallarynyň üstünliginiň syryny paýlaşdy
Dolf Lundgren kino alynýarka Siwester Stallonäni ýençmek isländigini boýun aldy
Tom Kruz özi baradaky ýakymsyz myş-myşy ýalana çykardy
Golliwudyň aktýorlary iş taşlaýşa taýýarlanýarlar
Aktýor Uill Smit 55 ýaşady
Jon Trawolta 70 ýaşyny belledi
Aşgabatda Uruş ýyllarynyň aýdymlary ýaňlanar, Türkmenistanda iň owadan ahalteke aty saýlandy, Arkadag futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň sanawynda birinji orna çykdy we beýleki habarlar