Amerika Ýemeniň Ansarollah hereketiniň terrorçy gurama diýilip yglan edilmegine täzedwn garaýar

Amerika Ýemeniň Ansarollah hereketiniň terrorçy gurama diýilip yglan edilmegine täzedwn garaýar

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ozalky döwlet tarapyndan Ýemeniň Ansarollah hereketiniň terrorçy gurama diýilip yglan edilmegi bilen baglanyşykly derňewini başlandygyny habar berdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary: bu Ministrlik Ýemeniň Ansarollah hereketiniň öňki hökümet tarapyndan terrorçy gurama diýilip yglan edilmegi bilen baglanyşykly derňewini başlady we bu mesele barada gysga wagtda karar bermek üçin işleýär diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken hem ýakynda Waşingtonyň Ýemeniň Ansarollah hereketini terror guramasy diýip yglan etmegine täzeden seredjekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň öňki Döwlet sekretary Maýk Pompeo 11-nji ýanwarda ministrligiň Ansarollahy "daşary ýurt terror guramasy" diýip atlandyrmak kararyny Kongrese habar berendigini aýtdy.

Pompeonyň aýdan sözleri Ýemeniň içinde we daşynda giňden garşylaşmagyna sebäp boldy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Döwlet Sekretary, Italiýanyň Daşary ışler Ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geç
Gazada dowam edýan Ysraýylyň hüjümleri
ABŞ, Husileri Nyşana Aldy
ABŞ Hindi Okeanyndaky Gäminiň Eýran Tarapyndan Urlandygyny Habar Berdi
AFK-nyň kubogy ― 2023/24: Altyn asyr Aziýadaky 44-nji synagyna çykýar
BSGG Gaza Üçin Çagyryş Edýär
2-nji Aýynda Ysraýylyň Gaza Hüjümleri we Oňa Seslenmeler