“Apple”-den 17 milliard dollar girdeji alar

“DigiTimes” neşiriniň habaryna görä, dünýäniň iň uly ýarymgeçiriji öndüriji kompaniýasy TSMC 2022-nji ýylda “Apple” kompaniýasyna 17,07 milliard dollar çip satar.Geçen ýyl TSMC amerikan kompaniýasyna 13,84 milliard dollarlyk haryt satypdyr.

Netijede, bu ýylky satuw 23 göterim ýokary bolar.TSMC şu ýylyň iýunyndan başlap “iPhone 14” seriýasynyň käbir modellerinde ulanyljak “Apple A16 Bionic” çiplerini öndürip başlar.

“Apple” ýakyn geljekde “Intel” kompaniýasyndan çip almagyny ýatyrra. Şeýlelikde, TSMC “Apple”-iň ýeke-täk çip üpjün edijisi bolar. Sebäbi, “Apple”-iň talap edýän çiplerini diňe TSMC öndürip bilýär.

Şeýle hem TSMC 2025-nji ýylda 2 nm ölçegindäki çipleri öndürip başlar.

Begenç Kurbanow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Ýüzlerçe alym gol ýygnady: Emeli intellekti duruzyň
"Apple” täze “iPhone 15” smartfonlary bilen tanyşdyrdy
Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
Apple temperaturany ölçeýän we eşidişi barlaýan gulaklyklary öndürer
“Apple” üç trillion dollarlyk sepgitden geçdi, dünýäniň iň gymmat 10 kompaniýasy
Samsung smartfonlaryna bütin dünýäde isleg azalýar
“Apple” kompaniýasy “Vision Pro” garniturasy bilen tanyşdyrdy