Arça gozaly sebet

Kompozitor Edward Grig güýz aýlary Bergeniň golaýyndaky tokaýda dynç alýardy.Tokaýyň ähli ýeri kömelekleriň ysy we ýapraklaryň şybyrdysy bilen juda ýakymlydy. Ýöne deňziň kenaryndaky dag tokaýlygynyň gözelligi has-da üýtgeşikdi.

Ol ýerden tolkunlaryň kenara gelip urýan sesi eşidilýärdi.Bir gün Grig tokaýda gezelenç edip ýörkä, saçlary iki örülenje kiçijik gyzjagaza tokaý sakçysynyň gyzyna gabat gelýär.Ol sebedine arça gozalaryny ýygnaýardy. Gyzjagaz, seň adyň näme?

diýip, Grig bilesigelijilik bilen soraýar.Gyzjagaz utanjyndan: Dagni Pedersen diýip, ýuwaşja jogap berýär. Ýaşulynyň ýüzüne çaýylan mähir ondan heder etmäge ygtyýar bermeýärdi. Bolýan zatlary diýsene diýip, Grig dillenýär.

Meniň şu wagt sowgat berere hiç zadym ýok.Men ýanyma gurjajyk, jäjejik ýa-da bolmasa, mahmaldan edilen towşanjyk alsam hem boljak ekeni.Diňle, Dagni!Men iň gowusy saňa täsin bir zady sowgat edeýin. Ýöne ony häzir däl-de, ýene-de on ýyldan.Dagni geňirgenip: Be-he, nähili uzak diýenini bilmän galýar. Bilýäňizmi näme, men ony ilki döretmeli.

Belki, men ony gysga wagtda dörederin. Ýöne şeýle zady köplenç kiçilere däl-de, ululara sowgat berýärler.Sen heniz çaga, köp zatlara düşünmeýän bolmagyň hem ahmal.Indi bolsa, getir sebediňi.

Sen ony zordan göterip dursuň ahyryn.Gel, men seni ugradaýyn hem-de ýolda biraz gürrüň ederis.Dagni demini dürsäp, sebedini Grige uzadýar.Ol, hakykatdanam agyrdy. Arça gozalarynyň şepbigi köp bolansoň, ol sosnaňkydan hem agyr bolýar diýip, Grig dillenýär.

Agaçlaryň arasyndan tokaý sakçysynyň öýi görnende, Grig şeýle diýýär: Indi bolsa, özüň ýöräber, Dagni Pedersen.Norwegiýada şeýle atly we familiýaly çagalar köp duş gelýär. Ýogsa-da, seň kakaň ady näme? Hagerup diýip, Dagni jogap beripdir-de, birden gaşlaryny çytyp: Eýsem, siz biziň öýümizden duz dadyp geçmezmisiňiz?

Bizde keşdeli saçak, çypar pişik we aýnadan edilen gaýyjak hem bar.Babam ony eliňize alyp görmäge hem rugsat eder diýipdir.Ýaşuly: Sag boluň, häzir meniň wagtym ýok.

Hoş onda, Dagni!diýip, gyzjagazyň saçyny sypalap, deňziň kenaryna ýönelipdir. “Men şeýle bir saz düzeýin, onuň girişine bolsa, “Tokaý sakçysy Hagerup Pederseniň gyzy Dagni Pedersene bagyşlanýandygyny” hem ýazaýyn” diýip, Grig öz ýanyndan pikir öwrüpdir.Dagni mekdebi tamamlansoň, kakasy gyzyny durmuşy öwrensin, biraz göwni açylsyn diýen niýet bilen Hristianiýada ýaşaýan aýal dogany Magdalara myhmançylyga ugradýar.

Magda teatrda grimçi, onuň ýanýoldaşy Nils bolsa, şol ýerde dellek bolup işleýärdi.Bular teatryň golaýynda ýaşaýardylar.Ol ýerden ýaýylyp ýatan ümmülmez deňiz hem görünýärdi.Dagni ýygy-ýygydan teatra gatnap ugrady.

Onuň teatr sahnalaryndaky wakalardan täsirlenip, käte uzak wagtlap ukusy tutmaýardy, hatda käwagtlar aglaýardy.Bu ýagdaýdan heder eden ejekesi Dagnini köşeşdirip, sahnada bolup geçýän zatlara köre-körlük bilen ynanmaly däldigini düşündirmeli bolýardy.

Bir gün ol üýtgeşiklik bolsun diýen niýet bilen Dagnini konserte alyp gitmegi ýüregine düwdi.Iýunyň salkyn gijeleriniň birinde, şäher seýilgähinde açyk asmanyň astynda konsert guraldy.Dagni bu ýerde ilkinji gezek simfonik sazlary diňledi.

Saz gyzyň juwan kalbynda güýçli täsir döretdi.Orkestriň dürli owazlary we şowhuny Dagnini düýşdäki ýaly täsin dünýä atardy.Saza imrinip galan gyz birdenem tisginip, gabagyny galdyrdy.Konsertiň programmasyny mälim edýän hortap adam, göwnüne bolmasa, onuň adyny tutan ýaly boldy. Nils, siz meň adymy tutan-a dälsiňiz diýip, Dagni daýysyna garap, ýüzüni gamaşdyrdy.Nils hem-de ejekesi Magda haýran galmakdan ýaňa aljyraşyp, Dagniniň ýüzüne seretdiler.

Näme boldy diýip, Dagni ýene-de seslendi.Onuň elinden ýapyşan Magda: Diňle!diýip, pyşyrdady. Şonda gyz alyp baryjynyň: Yzky hatarda oturan tomaşaçylar meniň gaýtalamagymy soraýarlar.Indi bolsa, merhum Edward Grigiň tokaý sakçysy Hagerup Pederseniň gyzy Dagni Pedersene bagyşlan “Säher” atly saz pýesasy ýaňlanýar diýen sözlerini eşidende, onuň tolgunmakdan ýaňa demi-demine ýetmän, ýüregi tas gursagyndan çykypdy.

Ol gözýaşlaryny saklajak bolup, näçe jan etse-de, bu oňa başartmady.Dagni aşak egilip, elleri bilen ýüzüni tutdy.Onuň ýüreginde güýçli tolgunma peýda boldy, birbada hiç zat eşitmedi.

Ol ahyr soňy saba-säherlerde ýaňlanýan çopan tüýdüginiň mukamyna diňşirgendi, beýleki saz gurallaryndan çykýan ýüzlerçe owazlar gyzyň ruhuny özüne bendi etdi.Saz owsun atyp, ýokary göterildi, saba ýelleri kimin köwsarlady, ýapraklary daragtlardan jyda düşürdi, otjagazlaryň başyny yrady, sowujak şemal bolup, saçlaryny sypap geçdi.

Sazdan emele gelen nesim ýellerini syzyp, Dagniniň köňli aram tapdy.Hawa!Bu onuň tokaýydy, bu onuň watanydy, bu onyň daglarydy, tüýdüginiň mukamydy, deňziniň güwwüldisidi!Diýmek, bu onuň hut özüdi!

Ol arça gozaly sebedini öýlerine çenli eltmäge kömek eden şol çal saçly ýaşulynyň özüdi.Bu beýik sazanda Edward Grigdi!Ine, bu saz bolsa, ýene-de on ýyldan diýip söz beren sowgadynyň hut özüdi!

Dagni hoşallyk gözýaşlaryny gizlemedi.Saz tamamlanandan soňra hemmeler el çarpyşdylar.Dagni ýerinden turup, seýilgähiň girelgesine tarap ýöneldi.Oturanlaryň arasyndan “Bu Grigiň nusgalyk sazyny bagyşlan gyzy bolsa gerek“ diýip, hümürdeşenler hem tapyldy.

Gyz Grigiň aradan çykanlygyny diňe şol ýerde bilip galdy, özüne ajaýyp dünýäni açyp beren beýik ynsana “Sag bolsun” aýdyp ýetişmänligine ýürekden ahmyr etdi.Dagni dünýä sygman, çola köçe bilen ýöräp ugrady.

Ol özüne esewan bolup gelýän Nilsden habarsyzdy.Ony Magda ugradypdy.Dagni deňziň kenaryna bardy.Onuň garşysynda sessiz-sedasyz mawy giňişlik ýaýylyp ýatyrdy. Şonda Dagniniň bütin durkuny bizi gurşap alýan dünýäniň gözellikleri gaplap aldy. Durmuş, seni söýýärin!

diýip, Dagni ýuwaşjadan pyşyrdady.Ol balkyldap duran gözlerini haýallyk bilen ýüzüp barýan gämilere aýlap ýylgyrdy.Gyzyň aňyrragynda duran Nils onuň ýylgyrýanyny görüp, öýüne dolandy.Indi ol Dagniden arkaýyndy hem-de onuň durmuşynyň hiç haçan haýp geçmejekdigine göz ýetirdi.

Terjime eden Gülzada Çaryýewa,Türkmen milli konserwatoriýasynyňýanyndaky ýörite sazçylykmekdep-internatynyň okuwçysy.

Ýene degişli makalalar

Norweg şäheriniň ýolbaşçysy gije-gündiziň dowamlylygyny artdyrmak isleýär
Astana Hemaýatkärleri 15-nji Maslahatyny Geçirer
Astana Gepleşikleri Başlady
Siriýadaky terrorçylygy ýok etmek üçin Eýran, Orsýet we Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlyk dowam edýär
Ahmet Ýyldyz BMG-nyň Baş Sekretarynyň Siriýa Boýunça Ýörite Wekili Bilen Duşuşdy
BMG-nyň wekili Pedersen Eýranyň Daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirdi