Astana Hemaýatkärleri 15-nji Maslahatyny Geçirer

Astana Hemaýatkärleri 15-nji Maslahatyny Geçirer

Astana tapgyrynyň hemaýatkärleri Türkiýäniň, Eýranyň we Russiýanyň wekilleri Siriýa boýunça soňky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin maslahat geçirerler.

Ertir Russiýanyň Soçi şäherinde başlajak we iki gün dowam etjek Siriýa temaly 15-nji Hemaýatkärler maslahatynda ýerlerdäki we syýasy tapgyr bilen bagly soňky şertleriň ara alynyp maslahatlaşylmagy, Siriýanyň hökümetiniň ylalaşyksyz pozisiýasy sebäpli netijesiz galan Konstitutsiýa toparynyň gepleşiklerinde ýetilen sepgidiň seljerilmegi meýilleşdirilýar.

Siriýa meselesi bilen bagly Astana formatynyň hemaýatkärleri bolan Türkiýäniň, Eýranyň we Russiýanyň wekiliýetleriniň fewral aýynyň 16-17-si aralygynda Russiýanyň Soçi şäherinde geçirjek maslahaty Şweýsariýanyň Ženawa şäherinde 29-njy ýanwarda öz işini tamamlan BMG-nin Siriýa boýunça ýörite welili Geir Pedersenin aýtmagyna görä “tamalary puja çykaran” Siriýanyň Konstitutsiýa toparynyň 5-nji tapgyryndan soň guralýar.

Toparyň soňky maslahatynda oppozision toparyň oňyn, hökümetiň bolsa tapgyryň netijeliligine garşy pozisiýasy ünsleri çekipdi. Pedersen bolsa hödürlän tekliplerini oppozisiýanyň kabul edendigini, emma hökümetiň kabul etmändigini nygtap, şertler özgermän halatynda “Toparyň maslahartlarynyň dowam etmejekdigini” aýdypdy.

Ženewada netjesiz bolan konstitutsiýa taýarlyklaryndan gysga wagt son Astana tapgyrynyň hemaýatkärleriniň ertir Soçide başlajak gepleşikleri esasan Konstitutsion toparyň maslahatlarynyň mundan soňky tapgyry hakynda bolar.

Maslahatda Konstitutsion toparyň nobatdaky maslahatynyň geçiriljek wagtynyň kesgitlenmegi kyn ýaly görünýän hem bolsa, toparyň maslahat gurap, işlerini dowam etdirmegi üçin gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Astana Gepleşikleri Başlady
Ahmet Ýyldyz BMG-nyň Baş Sekretarynyň Siriýa Boýunça Ýörite Wekili Bilen Duşuşdy
Arça gozaly sebet
Siriýadaky terrorçylygy ýok etmek üçin Eýran, Orsýet we Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlyk dowam edýär
Norweg şäheriniň ýolbaşçysy gije-gündiziň dowamlylygyny artdyrmak isleýär
BMG-nyň wekili Pedersen Eýranyň Daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirdi