BMG Erdogandan we Putinden İdlibde Asudalygy Üpjün Edilmegini Isledi

BMG Erdogandan we Putinden İdlibde Asudalygy Üpjün Edilmegini Isledi

BMG-niň Siriýa boýunça ýörite Wekili Geir Pedersen şu gün Soçide duşuşjak Prezident R.T.Erdogan bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putinden Siriýanyň İdlib welaýatynda asudalygyň üpjün edilmegini isledi.

Pedersen BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine beren brifinginde İdlibde esasanda Türkiýe-Siriýa serhedinde ýurtlaryndan çykarylanlaryn ýerleşýän düşelgelerine guralýan hüjümleriň artandygyna ünsi çekip; “İdlibde ýerlerdäki şertleriň Putin-Erdogan duşuşygynda esasy meselelerden bri boljakdygyna ynanýaryn we pozisiýalary güýçli bolan liderlere asudalygyň üpjün edilmegi üçin çagyryş edýärin. Köp zat şoňa bagly” diýdi.

Konstitutsion toparyň işine ýaňadandan başlamagy üçin çakylyklaryň ugradylandygyny beýan eden Pedersen, toparyň 6-njy maslahaty üçin 18-nji oktýabrda Şweýsariýanyň Ženewa şäherine barjakdygyny, maslahatdan bir gün öň bolsa egindeş başlyklar bilen duşuşjakdygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Norweg şäheriniň ýolbaşçysy gije-gündiziň dowamlylygyny artdyrmak isleýär
Arça gozaly sebet
Astana Hemaýatkärleri 15-nji Maslahatyny Geçirer
Astana Gepleşikleri Başlady
Siriýadaky terrorçylygy ýok etmek üçin Eýran, Orsýet we Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlyk dowam edýär
Ahmet Ýyldyz BMG-nyň Baş Sekretarynyň Siriýa Boýunça Ýörite Wekili Bilen Duşuşdy
BMG-nyň wekili Pedersen Eýranyň Daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirdi