Astana Gepleşikleri Başlady

Astana Gepleşikleri Başlady

Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň wekiliýetleri Siriýa temaly 16-njy Astana gepleşikleriniň çäginde Gazagystanyň paýtagty Nur Soltanda duşuşdy.

Hemaýatkär ýurtlaryň gepleşlikleri Türkiýe wagty bilen 07.00-da başlady.

Siriýa temaly 16-njy Astana gepleşiklerine Türkiýäniň adyndan Daşary işler ministrliginiň Siriýa bölüminiň müdüri ilçi Selçuk Önalyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Gepleşiklere Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Siriýa boýunça ýörite wekili Aleksandr Lawrentýew, Eýranyň Daşary işler ministriniň kömekçisi Ali Asgar Hajy, Siriýanyň hökümetiniň Daşary işler ministriniň orunbasary Aýman Susan we harby oppozisionerleriň wekili Ahmet Tuma gatnaşýar.

BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Pederseniň gatnaşmagynda geçirilýän gepleşiklere, Yrak, Iordaniýa we Liwan hem synçy hökmünde gatnaşýar.

Iki gün dowam etjek gepleşiklerde Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar, halka ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi, Ženewadaky Siriýa konstitutsiýa komitetiniň öz işine ýaňadandan başlamagy, tussaglylaryň we zamun alynanlaryn boşadylmagy we dereksiz ýitenleriň gözlenmegi ýaly ynamy artdyryjy çäreler ara alnyp maslahatlaşylar.

Siriýa temaly Astana gepleşikleri 2017-nji ýylda Siriýa krizisiniň çözülmegi maksady bilen Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň hemaýatkärliginde başladylypdy.

Ýene degişli makalalar

Astana Hemaýatkärleri 15-nji Maslahatyny Geçirer
Norweg şäheriniň ýolbaşçysy gije-gündiziň dowamlylygyny artdyrmak isleýär
Arça gozaly sebet
Siriýadaky terrorçylygy ýok etmek üçin Eýran, Orsýet we Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlyk dowam edýär
Ahmet Ýyldyz BMG-nyň Baş Sekretarynyň Siriýa Boýunça Ýörite Wekili Bilen Duşuşdy
BMG-nyň wekili Pedersen Eýranyň Daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirdi