Siriýadaky terrorçylygy ýok etmek üçin Eýran, Orsýet we Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlyk dowam edýär

Siriýadaky terrorçylygy ýok etmek üçin Eýran, Orsýet we Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlyk dowam edýär

Eýran Yslam Respublikasy, Orsýet we Türkiýe, Nursultanda geçirilen Siriýa gepleşikleriniň 16-njy tapgyrynyň ahyrynda Siriýadaky terrorçylygy ýok etmek üçin hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdylar.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasy, Orsýet we Türkiýe penşenbe güni Gazagystanyň "Nursultan" şäherinde Siriýa gepleşikleriniň 16-njy tapgyrynyň ahyrynda bilelikde beýannama çykaryp Siriýadaky DAEŞ terrorçylary we beýleki terrorçy toparlar doly ýok edilýänçä hyzmatdaşlyklaryny dowam etdirjekdiklerini nygtadylar.

Üç ýurt beýannamada şertnamalaryň doly ýerine ýetirilmegine we Siriýanyň Idlib şäherinde durnuklylygy saklamagyň zerurdygyny nygtap geçdiler.

Beýanata görä, Eýran, Orsýet we Türkiýe Siriýanyň forat derýasynyň gündogaryndaky separatistik meýilnamalara garşy durmagy maksat edinýärler.

Bilelikdäki beýannamada Orsýetiň, Eýranyň we Türkiýäniň nebitiň bikanun ele salynmagy we Siriýa degişli nebit satuwyndan alnan girdejiniň başgalara geçirilmeginiň kabul edilmeýändigi aýdylýar.

Beýanatda Eýran, Orsýet we Türkiýe Ysraýylyň Siriýa garşy harby hüjümlerini ýazgarýarlar we bu hüjümleriň bes edilmegini isleýärler.

Siriýa baradaky "Astana" gepleşikleriniň indiki ýygnagy şu ýylyň ahyryna çenli geçiriler.

Aýtmak ýerli BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Geir Pedersen rus, eýran we türk wekiliýetleriniň Siriýa parahatçylyk getirmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi.

Ýene degişli makalalar

Norweg şäheriniň ýolbaşçysy gije-gündiziň dowamlylygyny artdyrmak isleýär
“Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Hossarlaryna Gynanç Bildirýärin”
Mewlüt Çawuşogly BMG-nyň Siriýa Boýunça Ýörite Wekili Bilen Duşuşdy
BMG-nyň wekili Pedersen Eýranyň Daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirdi
BMG Erdogandan we Putinden İdlibde Asudalygy Üpjün Edilmegini Isledi
Astana Gepleşikleri Başlady