Aşgabatdaky zähmet biržasy işsizleri hasaba almaýar

Sosial üpjünçilik ministrliginiň ýanyndaky Aşgabat zähmet biržasy işe ýerleşmekde kömek sorap barýan raýatlary hasaba almakdan ýüz öwürýär diýip, “Azatlyk” radiosy 14-nji maýda habar berdi.

Şu gün zähmet biržasyna baryp, hasaba durmaga synanyşdym.Edaranyň işgäri koridoryň diwarynda asylan wezipe sanawyny görmäge ugradýar.Adamlar özlerine degişli iş tapman, ýene-de yzyna dolanýarlar.Soň işgär indiki aýda gelmegi maslahat berip, sanawyň täzelenjegini aýdýar.

Emma adamlary hasaba almaýar diýip, Radionyň çeşmesi gürrüň berdi.Adamlaryň biri özüniň hasaba alynmagyny talap edip, tutanýerlilik görkezdi, emma zenan işgär hiç hili kömegiň berilmejegini mälim etdi. Ýogsa, işsizlik boýunça pul kömegi berilmeli.

Radionyň maglumatyna görä, biržanyň işgäri adamlary bilkastdan hasaba almaýar, sebäbi oňa ýokardan şeýle görkezme berlen.

Zähmet biržasynda diňe bir işe ýerleşmekde kömek sorap baran raýatlara däl-de, eýsem gijikdirilen zähmet hakyny alyp bilmän, kömek soramaga mejbur bolýan adamlara-da duş gelmek mümkin. Radionyň habarçysy ol ýerde ýedi aý üçin aýlygyny alyp bilmedik 35 ýaşlaryndaky bir zenana duş geldi. Ol prokuratura arza ýazypdyr, emma ony zähmet biržasyna ugradypdyrlar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň 2-nji maýdaky mejlisinde ýurtda täze kärhanalaryň we iş orunlarynyň döredilmegini tabşyrdy.

Premýer-ministr Goçmyrat Myradow şu ýylyň 29-njy martynda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň saýtynda “Işe ýerleşdirmek” bölüminiň peýda bolandygyny habar berdi.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” maglumatlary boýunça, paýtagtda işsizligiň derejesi 50%-e barabar, tutuş ýurtda bolsa, “Azatlyk” radiosynyň maglumatyna görä, 60%-e ýetýär.

Ýene degişli makalalar

Dostlukly Zähmet dermanhanasy öý üçin lukmançylyk enjamlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär
Marynyň obalaryna gaz we elektrik kadaly berilmeýär, şäherlerde ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýär
Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi
Berdimuhamedow täze kärhanalary we iş orunlaryny döretmegi tabşyrdy
Syýahat komitetiniň başlygyna “Türkmensyýahatyň” maliýe hasabatyndan soň käýinç berildi
Türkmenistanyň prezidenti “sanly ykdysadyýete” geçiş depgininiň haýallygyny tankytlady