“Atletikonyň” 11-nji çempionlygy, “Real” 11 ýyldan soň kuboksyz

Ispaniýanyň çempionatynda çempion 38-nji tapgyrda belli bolup, bu gezek Madridiň “Real” tarapy däl-de, “Atletiko” tarapy çempionlyk gazandy. “Realdan” 2 utuk öňde bolan “Atletiko Madrid” myhmançylykda “Walýadolid” bilen duşuşdy.

Ligada galmak üçin göreş alyp barýan “Walýadolid” 18-nji minutda Planonyň goly bilen öňe saýlansa-da, 57-nji minutda Anhel Korreanyň, 67-nji minutda-da Luis Suaresiň gollary “Atletiko” toparyna ýeňiş hem-de çempionlyk getirdi.

Bu olaryň 7 ýyldan soň ilkinji (2013/14), umumylykda 11-nji çempionlygydyr.Topar tälimçisi Diego Simeoneniň ýolbaşçylygyndaky 2-nji çempionlygydyr.

“Wilýarrealy” soňky minutlarda Benzema we Modriçiň geçiren gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňen “Real Madrid” geçen möwsümiň çempionlygyndan soň, kümüş medal bilen kanagatlanmaly boldy. Şeýle-de “Real Madrid” 2009/10 möwsüminden soň, bir möwsümi kuboksyz tamamlady.

“Hueska”, “Walýadolid” hem-de “Eýbar” aşaky liga düşen toparlar boldy.

Ýene degişli makalalar

Madridiň "Atletikosy" 11-nji gezek La Liganyň çempiony boldy
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Messi we topardaşlary çempionata taýýar Argentinanyň düzümi belli edildi
Ertir “La Liganyň” 90-njy möwsümine badalga berler
Pari Sen-Žermen 1-nji, Bawariýa 11-nji gezek finalda
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar