Madridiň "Atletikosy" 11-nji gezek La Liganyň çempiony boldy

Madridiň "Atletikosy" 11-nji gezek La Liganyň çempiony boldy

Ispaniýanyň La Ligasynyň jemleýji 38-nji tapgyrynda Madridiň “Atletikosy” "Walýadolidi" ýeňdi. Duşuşyk Walýadoliddäki “Hose Sorrilýa” stadionynda geçdi we 2:1 hasabynda madridlileriň peýdasyna tamamlandy.

Ýer eýeleri hasaby ilkinji bolup açdylar. Duşuşygyň 18-nji minudynda “Walýadolidiň” hüjümçisi Oskar Plano gol geçirdi. Duşuşygyň 57-nji minudynda "Atletikonyň" hüjümçisi Anhel Korrea hasaby deňledi. 67-nji minutda La Ligadaky 21-nji goluny geçirip, urugwaýly hüjümçi Luis Suarez duşuşygyň gahrymany boldy.

Şeýlelikde, “Atletiko” 38 oýunda 86 utuk toplady we 2020/2021 möwsümde Ispaniýanyň La Ligasynda iň ýakyn bäsdeşi “Real”-dan iki utuk öňe saýlandy. "Walýadolid" (31) 19-njy bolup, Segunda düşdi.

Bu Ispaniýanyň çempionatynda madrid klubunyň 11-nji çempionlygydyr.

Mundan öň, tälimçi Diego Simeone 2013/14 möwsüminde “Atletikony” çempionlyga alyp bardy.

2020/21-nji möwsümde La Ligada üçünji orny "Barselona", ​​dördünji orny "Sewilýa" eýeledi.

Ýene degişli makalalar

“Atletikonyň” 11-nji çempionlygy, “Real” 11 ýyldan soň kuboksyz
Messi we topardaşlary çempionata taýýar Argentinanyň düzümi belli edildi
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
“Napoliniň”, “Atletikonyň”, “Bawariýanyň” täze futbolçylary (Günüň transfer habarlary)
“Real Madridmi” ýa-da “Barselona” “La Liganyň” täze möwsümi başlanýar
Günüň transfer täzelikleri