Aziýa kubogynyň açylyş duşuşygynda Katar Liwany uly hasap bilen ýeňdi

Aziýa kubogynyň açylyş duşuşygynda Katar Liwany uly hasap bilen ýeňdi

Katarda badalga alan futbol boýunça 18-nji Aziýa Kubogynyň açylyş duşuşygy geçirildi.

Ýer eýeleri Kataryň ýygyndysy Lusail stadionynda 82 müň 490 janköýeriň şaýatlygynda geçen oýunda Liwanyň ýygyndysyny 3-0 hasabynda ýeňdi.Oýnuň 45-nji minutynda Akram Afif hasaby açdy. 56-njy minutda Almoez Ali 2-nji goluny geçirdi.

Duşuşygyň 90+6-njy minutynda ýene-de Akram Afif oýna soňky nokady goýdy.Netijede, 3-0 hasabynda ýeňiş gazanan Katar çempionata uly hasaply ýeňiş bilen başlady.

Aziýa Kubogynda şu gün A toparçada Hytaý Täjigistan (19:30), B toparçada Awstraliýa Hindistan (16:30) hem-de Özbegistan Siriýa (22:30) duşuşyklary geçiriler.

Ýene degişli makalalar

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Aziýa kubogy ― 2023-iň açylyş duşuşygyny eýranly emin alyp barar
Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
Super ýyldyzlar Ronaldo, Neýmar meýdança çykýar: 5-nji günüň duşuşyklary
Katar 2022-niň ilkinji iň uly sýurprizi
Messi, Mbappe meýdança çykýar Katar 2022-de 3-nji günüň duşuşyklary