Aziýanyň futzal çempionatynyň bijeleri çekildi

Türkmenistanyň toparçadaky bäsdeşleri belli boldy

2020-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Aziýa boýunça futzal çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysy Wýetnamyň, Täjigistanyň we Omanyň milli ýygyndylary bilen duşuşar.

Aşgabat şäherindäki “Olimpiýa” myhmanhanasynda 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň jogapkär işgärleriniň we beýleki hünärmenleriň gatnaşmagynda Aziýanyň futzal çempionatynyň bije atyşlyk dabarasy geçirildi.

Aziýa sebitiniň güýçli toparlarynyň 16-synyň gatnaşmagynda geçiriljek yklymyň iri ýaryşy paýtagtymyz Aşgabatda fewral aýynyň ahyrynda we mart aýynyň başlarynda Olimpiýä şäherçesinde guralar.

Bu dabara garaşylyşy ýaly, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Bije atylmazyndan öň Türkmenistan ýaryşyň guramaçysy hökmünde Eýranyň, Ýaponiýanyň hem-de Özbegistanyň toparlary bilen birlikde birinji sebede goýuldy. Bu bolsa toparlaýyn tapgyrda bu ýygyndylaryň öz aralarynda duşuşmajakdygyny aňladýardy.

Şeýlelikde, geçirilen bije çekişligiň netijesinde, horwatiýaly hünärmen Robert Grdowiçiň tälim berýän Türkmenistanyň milli ýygyndysy “A” toparçasynda Wýetnamyň, Täjigistanyň hem-de Omanyň milli ýygyndylary bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik aldy. Aziýa çempionaty-2020-niň 2020-nji ýylyň 26-njy fewraly 10-njy marty aralygynda Aşgabatda geçirilýändigini ýatladýarys.

Aşgabatda geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatynyň final böleginde çykyş etmeli Türkmenistanyň ýygyndysynyň toparçasyndaky futzal toparlarynyň her biriniň toparçadan çykmaga mynasypdygyny subut etmek üçin erjel oýun görkezjekdigini aýtmak bolar.

Aziýa çempionatynyň guramaçysy hökmünde saýlama ýaryşa gatnaşmazdan bäsleşigiň final böleginde oýnamaga hukuk gazanan Türkmenistanyň ýygyndysy öňdäki ýaryşa ykjam taýýarlyk gördi. Türkmenistanyň futzal ýygyndysyna öňdäki jogapkärli ýaryşda üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris!

Ýurdumyzda geçiriljek ýaryşyň bijeleriniň netijeleri:

“А” toparça: Türkmenistan, Wýetnam, Täjigistan, Oman.

“B” toparça: Ýaponiýa, Liwan, Gyrgyz Respublikasy, Kuweýt.

“C” toparça: Özbegistan, Bahreýn, Hytaý, Indoneziýä.

“D” toparça: Eýran, Tailand, Koreýa Respublikasy, Saud Arabystany.

Ýene degişli makalalar

Aziýanyň kubogy ― 2024-iň resmi pökgüsi tanyşdyryldy
Türkmen uniwersitetiniň wekiliýeti Uniwersitetler we gelejek atly halkara foruma gatnaşdy
Türkmenistanyň banklary Russiýanyň walýuta söwdalaryna gatnaşyp bilerler
“E” toparçada Türkmenistanyň ýygyndysynyň soňky bäsdeşi hem belli boldy
Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Aziýanyň kubogy ― 2024 üçin düzümleri belli boldy
Arap Ýurtlary Moskwada Guralan Hüjümi Ýazgardy
Teýmur Çaryýewiň toparynyň AFK-nyň kubogynyň sebitara ýarym finalyndaky garşydaşy belli boldy