Barselona — Aýntraht, Ýewropa ligasynyň 1/4 finalynyň bijeleri çekildi

Barselona — Aýntraht, Ýewropa ligasynyň 1/4 finalynyň bijeleri çekildi

Ýewropa ligasynyň çärýek finalynda Barselona futbol kluby Aýntraht germen kluby bilen duşuşar. 1/4 final tapgyrynyň bijeleri şu gün Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň (UEFA) Şweýsariýadaky Nýon şäherindäki ştab-kwartirasynda çekildi.

Beýleki çärýek final duşuşyklarynda germanlaryň Leýpsig kluby italýanlaryň Atalanta, iňlisleriň West Hemi fransuzlaryň Liony, portugallaryň Bragasy şotlandlaryň Reýnjersi bilen duşuşar. Ýewropa ligasynyň birinji ýarym final duşuşygynda Leýpsig-Atalanta we Braga-Reýnjers, ikinji ýarym finalda West Hem-Lion we Aýntraht-Barselona jübütleriniň ýeňijileri duşuşar. 1/4 final tapgyrynyň birinji oýunlary 7-nji aprelde, jogap oýunlar 14-nji aprelde geçiriler. Ýarym final duşuşyklary 28-nji aprelde we 5-nji maýda geçiriler.

Final duşuşygy 18-nji maýda Ispaniýanyň Sewilýa şäherindäki Roman Sançes Pishuan stadionynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

“Lasionyň” 4-nji, “Galatasaraýyň” 3-nji, “Mançester Ýunaýtediň” 1-nji ýeňşi
“Lasionyň”, “Lionyň”, “Tottenhamyň” 2-nji ýeňşi, “M. Ýunaýted” ýene-de ýeňip bilmedi
“Arsenal” 6 ýyldan soň 6 gol bilen 1/8 finala çykdy
Garaşylmadyk topar ýeňlişsiz öňde barýar
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Öňünden çykany ýeňýär
Fransuz kluby üçin garaşylmadyk netije