Bentley 2021-nji ýylda satuw rekordyny goýdy

Bentley 2021-nji ýylda satuw rekordyny goýdy

Geçen ýyl ýarym geçirijileriň ýetmezçiligi we COVID-19 pandemiýasynyň dowamly täsiri sebäpli awtoulag senagaty üçin örän agyr ýyl boldy. Ýöne bu päsgelçiliklere garamazdan, Bentley öz taryhynyň iň gowy ýylyny ýazdy. 2021-nji ýylda bu awtoöndüriji 14 659 awtomobil satdy, bu 2020-nji ýylda satylan 11 206 awtomobilden 31% köpdür. Bu barada pnzdrive.ru habar berýär.

Brend Bentayga awtoulagynyň iň köp satylýan model bolup galandygyny belledi. 2021-nji ýylda gibrid transmissiýasynyň goşulmagy sebäpli islendik geçen ýyla garanyňda, has köp nusga satyldy.Bentayga-nyň paýyna Bentley-iň umumy satuwynyň 40%-i düşýär.

Continental GT-niň satuwy hem ýokarlanyp, brendiň satuwynyň 33%-ine barabar boldy, Coupe we Convertible modelleriniň arasynda 60/40% paýlandy.Flying Spur modeline satuwyň 27%-i degişli boldy.

Amerika Bentley üçin iň uly bazar bolup, onda 4 212 awtomobil satyldy, bu 2020-nji ýyla garanyňda 39% köpdür. Onuň yzyndan 4 033 awtomobil bilen Hytaý gelýär, bu geçen ýyldan 40% köp. Ýewropanyň paýyna 2520 awtomobil düşdi. Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde 1651 awtomobil, Beýik Britaniýada 1328 awtomobil we Ýakyn Gündogarda 915 awtomobil satyn alyndy.

Ýene degişli makalalar

Apple iPhone 14-i wideoýazgy arkaly hödürlär
Adidas 80 sagatlap awtonom işläp bilýän, Gün batareýaly nauşnik çykardy
Ýelizaweta II Trassyň hökümetindäki ministrleriň bellenmegini makullady
Çelsi we Tuhel barada...
Afrikanyň iň täsirli üç ýurdunyň biri
Däp haryt nyşanly egin-eşikleriň täze tapgyrynyň tanyşdyryşy geçiriler
Sport syny: uik-endiň esasy futbol wakalary