Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II aradan çykdy

Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II aradan çykdy

Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II düýn — 8-nji sentýabrda 97 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Bukingem köşgi habar berdi diýip, Interfax.ru ýazýar.

Ýelizaweta II Beýik Britaniýanyň taryhynda ýurdy iň uzak wagtlap dolandyran Patyşa bolmagynda galýar, ol tagtda 70 ýyl oturdy. Onuň adamsy Şazada Filipp 2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde 100 ýaşynyň dolmagyna iki aý galanda, ýurduny täzeledi.

Ýurduň täze Patyşasy Şa zenanyň uly ogly Uels Şazadasy Çarlz boldy we ol tagta çykan dessine Karl III adyny aldy, ol şu gün resmi taýdan Patyşa diýlip yglan ediler. Şa zenanyň ýurduny täzelemegi bilen baglylykda, Beýik Britaniýada 10 günlük matam yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Täç geýdiriş dabarasy geçiriler
Şazada Garriniň ýatlamalar kitabynyň çykjak senesi belli boldy
Karl III atlaryň satuwyndan 1 million funt sterling gazandy
Karl III şekillendirilen şaýylyklar hödürlendi
Karl III telewideniýe arkaly halka ýüzlendi
Täç geýdiriliş dabarasy guralar
Britanlar Şa zenany bilen hoşlaşdylar