Bezos BBI reýtinginde hem birinji orna dolandy

Bezos BBI reýtinginde hem birinji orna dolandy

Amazon amerikan korporasiýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezos dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Maskdan öňe geçip, birinji orny eýeledi. Muny Bloomberg Billionaries Index (BBI) reýtinginiň maglumatlary delillendirýär diýip, gazeta.ru habar berýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, Bezosyň baýlygy 191 mlrd dollara ýetdi. 16-njy fewralda, sişenbe güni gazna söwdasynyň jemi boýunça, ol 372 mln dollaryny ýitirdi.Maskyň aktiwleriniň umumy bahasy 190 mlrd dollara deň.

Tesla paýnamalarynyň bahasynyň pese düşmegi netijesinde, onuň baýlygy 4,5 mlrd dollar azaldy. Şeýlelik bilen, Bezos 2017-nji ýyldan 2021-nji ýylyň 7-nji ýanwaryna çenli saklan birinji ornuny gaýtaryp aldy. Şonda Bezosyň aktiwleriniň umumy bahasy 187 mlrd dollar, Maskyň baýlygy 188,5 mlrd dollar bilen bahalandyrylýardy. Şeýlelik-de, Mask reýtingde ikinji orna düşdi.

Reýtingiň üçünji ornunda Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjy Bill Geýts ýerleşdi, onuň baýlygy 137 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.Dördünji orny Louis Vuitton Moet Hennessy kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arno (116 mlrd dollar) eýeleýär.

Dünýäniň iň baý adamlarynyň bäşligini 104 mlrd dollar baýlygy bilen Facebook-y esaslandyryjy Mark Sukerberg jemleýär.

Ýene degişli makalalar

Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
“Bloomberg”: dünýäniň 500 baýy
Mask bilen Bezosyň maliýe emlägi ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden köp
"Louis Vuitton" brendiniň eýesi ýene-de dünýäniň iň baý adamy
Teýlor Swift ilkinji gezek milliarderleriň sanawyna girdi