Bill Geýts ýakyn geljekde Google gözleýjisiniň ornunyň çalşyljakdygyny çaklady

Bill Geýts ýakyn geljekde Google gözleýjisiniň ornunyň çalşyljakdygyny çaklady

Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjylaryň biri Bill Geýts emeli aň ulgamynda iň oňat kompaniýanyň adamlar üçin meseleleri çözýän hususy sanly wekili döredip, beýleki hyzmat gulluklaryny çalyşjakdygyny aýtdy. Ol bu barada San-Fransiskoda Goldman Sachs we SV Angel kompaniýalarynyň guramagynda emeli aňa bagyşlanan maslahatda çykyşynda gürrüň berdi diýip, CNBC teleýaýlymyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Şeýle şahsy wekili kimiň döretjekdigine garamazdan, ol yhlas edeniňe degýän tehnologiýadyr, sebäbi siz gaýdyp Google ýaly gözleýjä ýa-da Amazona girmersiňiz diýip, Geýts nygtady.

Milliarderiň pikiriçe, indi işläp düzmeli emeli aňly kömekçi adamyň islegleridir endiklerine düşünip, oňa ähli zerur habarlary almaga kömek eder. Bu tehnologiýany döretmekde ýa startaplaryň biri, ýa-da tehnologik kompaniýa ýeňiji bolup biler.

Men eger Microsoft bu ýeri eýelemese, gynanaryn diýip, işewür sözüniň üstüne goşdy.

Geýts emeli aňly sanly wekiliň köpçülikleýin ulanylyşa goýberilmegi üçin biraz wagt gerek boljakdygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Halkara awiakompaniýalaryň birnäçesi 5G zerarly ABŞ-a uçuşlary ýatyrmakçy
Bloomberg: Google-iň işgärleri aprel aýynda ofise gaýdyp bararlar
Iki ýyldan soňra serhedini açdy
1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni
Ýuwaş ummany ýekelikde geçen ilkinji ýaşuly
83 ýaşly ýapon gojasy Ýuwaş ummany ýüzüp geçdi