Bloomberg: Ilon Maskyň baýlygy 200 milliard dollardan geçdi

Bloomberg: Ilon Maskyň baýlygy 200 milliard dollardan geçdi

Tesla we SpaceX kompaniýalaryny esaslandyryjy Ilon Maskyň baýlygy ilkinji gezek 200 milliard dollardan geçdi diýip, Bloomberg agentligi Bloomberg Billionaries Index (BBI) reýtingine salgylanyp habar berýär. Muny Regnum agentligi ýetirýär.

Dünýäniň iň baý 500 adamlarynyň sanawynda Mask birinji orny eýeledi, bir ýylyň içinde onuň baýlygy 14,5 milliard dollar ýokarlanyp, 209 milliard dollara barabar boldy.Bu ösüşiň Tesla paýnamalarynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydygy bellenilýär.

Sanawyň ikinji ornunda Blue Origin kosmiki kompaniýasynyň eýesi, Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos ýerleşýär, oňa The Washington Post neşirýat öýi hem degişli.Bezosyň baýlygy 186 milliard dollara ýetdi. Üçünji orunda Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjy Bill Geýts ýerleşýär, onuň baýlygy 134 milliard dollar.

Reýtingiň dördünji ornuny Louis Vuitton Moet Hennessy kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arno eýeleýär, onuň baýlygy 3,03 milliard dollar ýokarlandy we 117 milliard dollar boldy.Bäşligi Facebook internet toruny esaslandyryjy Mark Sukerberg jemleýär.

Ol 430 million dollar ýitirdi.Netijede, onuň baýlygy häzir 101 milliard dollar bilen bahalandyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynyň başyny çekdi
Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
“Bloomberg”: dünýäniň 500 baýy
Ilon Mask bir günde 16 milliard dollaryny ýitirdi
2023-nji ýylda dünýäniň iň baý maşgalalary