Braziliýa rekord görkezijler bilen 1/8 finala adyny ýazdyrdy

Katar 2022-de “G” toparçada 1/8 finala çykan 2-nji topar Braziliýanyň ýygyndysy boldy.Sambaçylar 2-nji duşuşygyny Şweýsariýanyň garşysyna geçirip, 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Neýmarsyz meýdança çykan Braziliýanyň ýygyndysyna gol geçirmek juda kyn düşdi. Öz ýarym meýdançalarynda erjel oýun görkezen Şweýsariýanyň goragyny böwüsmek üçin braziller 83 minut garaşylmaly boldular.Braziliýanyň ýygyndysyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly 83-nji minutda Kazemiro öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, toparçalarda 17 oýundan bäri ýeňilmän gelýän Braziliýa bu ugurda rekord goýup, yzly-yzyna 9-njy gezek indiki tapgyra çykmagy başardy.

Braziliýanyň ýygyndysy soňky gezek toparçalarda 1998-nji ýylda Norwegiýadan 2-1 asgyn gelipdi.

Ýene degişli makalalar

“Ahal” AFK-nyň Çempionlar ligasynda Saud Arabystanyň “Al-Feýha” toparyny ýeňdi
Neýmar 2-nji gezek kaka boldy
2023-nji ýylyň iň köp pul gazanan futbolçylary, Ronaldo ep-esli girdeji bilen öňde barýar
Braziliýa 37 oýundan soň ilkinji gezek ýeňildi
Ýyldyz oýunçy 2 gol geçirdi, duşuşyk deňlikde tamamlandy
Neýmaryň şertnamasynyň togtadylmagy mümkin
Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"