BSGG 2020-2021-nji ýyllarda eden işleriniň netijeleri barada hasabat berdi

BSGG 2020-2021-nji ýyllarda eden işleriniň netijeleri barada hasabat berdi

COVID-19 pandemiýasyna garamazdan, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň 2020-2021-nji ýyllarda işi baradaky hasabatda global saglygy goraýşyň ähli ugurlarynda uly üstünlikleriň gazanylandygy bellenilýär diýip, BMG-niň saýtynda habar berilýär.

Hasabatda COVAX halkara hyzmatdaşlygy arkaly COVID-19-a garşy 1,4 milliarddan gowrak sanjym dozasynyň berlendigi, gyzzyrma keseline garşy dünýäde ilkinji sanjymy giňden ulanmak barada maslahatlar, şeýle-de BSGG-niň saglygy goraýyş pudagynda 87 adatdan daşary ýagdaýa jogap gaýtarmak boýunça başlangyçlary bellenilýär.

2020-2021-nji ýyllarda BSGG 1600 tehniki we amaly hyzmatdaş bilen işleşip, COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça global tagallalara ýolbaşçylyk etdi hem-de taryhda iň uly, iň çalt we çylşyrymly sanjym kampaniýasyny işjeňleşdirmäge kömek etdi.

Gurama COVID-19 bilen göreşmek üçin ilkinji nobatda zerur predmetler bilen üpjünçilige 1,7 mlrd ABŞ dollary sarp etdi.BSGG tas 500 mln dollarlyk şahsy gorag serişdeleri, 187 mln dollarlyk kislorod, 4,8 mln dollarlyk dermanlar we 100 mln dollarlyk diagnostika barlaglary bilen bir hatarda zerur lukmançylyk materiallaryny global derejede üpjün etdi.

Hasabatda BSGG-niň pandemiýa bilen baglanyşykly bolmadyk işleriniň netijeleri hem görkezilýär. Mysal üçin, 58 ýurtda trans-ýag kislotalaryny ulanmagy gadagan edýän kanunlar girizildi. BSGG-niň Temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasy tarapyndan göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde 150 ýurtda temmäkiniň sarp edilişi azalýar. 15 ýurt AIW-iň we/ýa-da merezýeliň eneden çaga geçmegini ýok edip bildi.

BSGG tarapyndan utgaşdyrylan synag programmasy arkaly Ganada, Keniýada we Malawide bir milliondan gowrak çaga BSGG tarapyndan gyzzyrma garşy maslahat berlen RTS,S sanjymynyň bir ýa-da birnäçe dozasyny aldy. Gyzzyrma garşy göreşmek boýunça beýleki çäreler bilen bilelikde sanjymyň ýylda 40 000-den 80 000-e çenli adam janyny halas etmegine garaşylýar.

Hasabatda çykdajylar barada hem jikme-jik maglumat berilýär. BSGG-niň 2020-2021-nji ýyllar üçin programma býujeti 5,84 mlrd ABŞ dollary boldy, hakyky maliýeleşdirme 7,91 mlrd dollara ýetdi.

Ýene degişli makalalar

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
BSGG täze ählumumy pandemiýa barada duýdurdy
BSGG-niň bilermeni COVID-19 ýokanjynyň gelip çykyşynyň tebigydygyny çaklaýar
USAID türkmen hünärmenlerine innowasiýalary öwrenmekde goldaw berýär
BSGG koronawirusdan heläk bolýanlaryň sanynyň artýandygyny habar berdi
BSGG-niň hünärmenleri Türkmenistandaky lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmenleri üçin okuw geçirdi
BSGG Liwiýada Iş Alyp Barýar