Çempion “Real Madridden” 6 golly ýeňiş

Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” çempion “Real Madrid” öz meýdançasynda “Lewanteni” kabul etdi.Madridlileriň artykmaçlygynda geçen oýunda “Real” 6-0 hasabynda ýeňiş gazandy.Duşuşykda gollary Forlan Mendi (13), Karim Benzema (19), hem-de Rodrigo (34), beýleki 3-sini bolsa Winisius Junior (45, 68, 83) geçirdi.

Toparyň 2-nji goluny geçiren Karim Benzema “Realdaky” 323-nji goluny derwezä girizip, ol Rauldan öňe saýlandy we klubuň iň netijeli 2-nji futbolçysy boldy. Şeýle-de duşuşykda Luka Modriç 3 goluň pasyny berdi.

Bu ýeňlişden soň “Lewante” şu möwsümde “La Ligadan” aşaky liga düşen ilkinji klub boldy. Walensiýa şäheriniň wekili 5 ýyldan soň täzeden 2-nji liga dolanar.

Ýene degişli makalalar

Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
“La Ligada” öňdebaryjylar ýalňyşmady
“Barselona” ýeňiş gazanmak kyn, “Real Madride” bolsa ýeňil düşmedi
90 ýyllyk “La Liga”
Mbappe Ronaldonyň rekordyny gaýtalady
“Barselona” soňky minutlarda, “Real” aňsatlyk bilen ýeňiş gazandy