Çempionlar ligasy: PSŽ-Brýugge deňme-deň, Liwerpul Milany, Siti Leýpsigi ýeňdi

Çempionlar ligasy: PSŽ-Brýugge deňme-deň, Liwerpul Milany, Siti Leýpsigi ýeňdi

Çempionlar ligasynyň A toparynyň birinji tapgyrynyň oýnunda PSŽ Belgiýanyň Brýugge toparyny ýeňip bilmedi. Duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Bu duşuşyk argentinaly hüjümçi Lionel Messi üçin pariž klubunyň düzüminde birinji oýun boldy. Emma Messi toparyna ýeňmäge kömek edip bilmedi, duşuşygyň ahyrynda bolsa, sary duýduryş aldy.

B toparda Liwerpul 3:2 hasabynda Milandan üstün çykdy. Italiýan klubunyň oýunçylary iki gezek hasaby deňlemegiň hötdesinden gelseler-de, iňlisler güýçli geldiler.

D toparda Milanyň Interi bilen Madridiň Realynyň arasynda hasap 89-njy minuda çenli 0:0 bolmagynda galdy. Şonda ispan klubunyň ýarymgoragçysy Eduardo Kamawinga italýanlaryň jerime meýdançasynda topy Rodrigo geçirdi. Ol hem ýeňiş pökgüsini geçirdi.

Amsterdamyň Aýaksy bilen Lissabonyň Sportinginiň arasyndaky duşuşyk niderlandlylaryň hasabynda 5:1 hasabynda tamamlandy. Sebastýen Aller Aýaksyň düzüminde Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygynda 4 gol geçirdi. Bäşinji pökgini Stiwen Bergöýs geçirdi.

Beýleki duşuşyklaryň netijeleri:

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynda arakesme tamamlanýar
33 oýundan soň gol geçirdi, ýöne ýeňşe peýdasy bolmady
Geljegiň 60 ýyldyz futbolçysy
Mançester Ýunaýted Çempionlar ligasyna çykmasa, Ronaldu klubdan gidip biler
Daşary ýurtlular üçin iň gowy şäherler belli edildi
UEFA Çempionlar ligasynyň 6-njy hepdesinde 6 duşuşyk geçirildi
Ýewropa garaşylmadyk bahar geldi