Çempionlar ligasynyň ýarym finaly: Real Çelsi bilen birinji duşuşykda deňme-deň oýnady

Çempionlar ligasynyň ýarym finaly: Real Çelsi bilen birinji duşuşykda deňme-deň oýnady

Çempionlar ligasynyň Ispaniýanyň Real hem-de Angliýanyň Çelsi klublarynyň arasyndaky ilkinji ýarym final duşuşygy deňme-deňlikde tamamlandy - 1:1. Duşuşyk Madridde Estadio Alfredo Di Stefano arenasynda geçirildi.

Hasaby ilki bolup Çelsiniň futbolçysy Kristian Pulişiç (14) açdy, Realdan Karim Benzema hasaby deňledi (29-njy minut).Real 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda çykyş edýär. 2016-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli häzirki baş tälimçi Zinedin Zidanyň ýolbaşçylygynda klub yzly-yzyna üç gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy.

Ondan öň hiç bir klub yzly-yzyna iki gezek hem bu netijäni gazanyp bilmändi.Mundan başga-da, Real Çempionlar ligasynyň/Ýewropa çempionlarynyň kubogynyň iň köp çempiony diýen rekordy eýeleýär (13). Çelsi 2014-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Çempionlar ligasynda 1/8 finalyndan soňky tapgyra çykmagy başardy.

Londonlylar bu ýaryşda bir gezek - 2012-nji ýylda ýeňiji boldular.Ozal klublar öz aralarynda bäş gezek duşuşyp, iki gezekden ýeňiş gazandylar. Şol bir wagtyň özünde klublar Çempionlar ligasynda hiç haçan duşuşmadylar. Ýewropa kubok ýaryşlarynda iň soňky duşuşyk 1998-nji ýyla degişlidir. Şonda Çelsi UEFA Super kubogynda 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Bu klublaryň arasyndaky jogap ýarym final duşuşygy 5-nji maýda Londonda geçiriler.Beýleki ýarym finalda fransuz PSŽ-si iňlisleriň Mançester Siti kluby bilen oýnar.Ilkinji oýun 29-njy aprele geçilýän gije Parižde bolar.

Ýene degişli makalalar

Futbol taryhynyň iň gowy 2-3-nji simwolik ýygyndylary
Zidan 150 million dollarlyk teklipden ýüz öwürdi
Zidan “Realdan” gaýtdy
Zinedin Zidan möwsümiň ahyrynda “Realdan” gidip biler
Ibrahimowiç Asteriks we Obeliks hakda täze filmde surata düşer
“Real Madrid” ýarym finalyň bosagasynda