Zinedin Zidan möwsümiň ahyrynda “Realdan” gidip biler

Zinedin Zidan möwsümiň ahyrynda “Realdan” gidip biler

Madridiň “Realynyň” baş tälimçisi Zinedin Zidan ispan klubundan gitmek barada pikirlenýär. Şeýle maglumaty Telemadrid telestansiýasyna salgylanyp, prostoprosport.ru berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, fransuz hünärmeni fiziki we psihiki taýdan ýadandygy sebäpli, şertnamasyny wagtyndan öň ýatyrmagy göz öňünde tutýar.Onuň madrid kluby bilen şertnamasy bolsa 2022-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenen. Ýöne şertnama onuň klubdan wagtyndan öň gitmegine mümkinçilik berýär, sebäbi degişli punkt ýolbaşçylyk bilen ylalaşyldy. Ýatlap geçsek, Zidan 2016-njy ýyldan 2018-nji ýyl aralygynda “Realyň” tälimçisi boldy.

Bu döwürde klub Çempionlar ligasynda yzygider üç gezek ýeňiş gazandy.Zidan 2019-njy ýylyň mart aýynda “Realyň” tälimçi wezipesine dolandy.

Ýene degişli makalalar

Zidan 150 million dollarlyk teklipden ýüz öwürdi
Zidan “Realdan” gaýtdy
Çempionlar ligasynyň ýarym finaly: Real Çelsi bilen birinji duşuşykda deňme-deň oýnady
Ibrahimowiç Asteriks we Obeliks hakda täze filmde surata düşer
“Real Madrid” ýarym finalyň bosagasynda
Zidan Fransiýanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bolmak mümkinçiligi barada aýtdy