Dagystan Türkmenistana un we balyk eksport eder

Dagystan Türkmenistana un we balyk eksport eder

Dagystanyň (Russiýa Federasiýasy) kärhanalary Türkmenistana un, balyk we aýna gaplaryny eksport ederler. Bu ugurda Türkmenistanyň işewür wekiliýetiniň Mahaçkala şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde degişli şertnamalar baglaşyldy diýip, Dagystanyň Eksporty goldamak merkezi habar berdi.

Birnäçe günüň dowamynda türkmen telekeçileri we hususy kompaniýalarynyň wekilleri Dagystanyň işewürlik mümkinçiliklerini öwrendiler. Hususan-da, azyk önümlerine hem-de gurluşyk harytlaryna aýratyn üns berildi. Netijede Dagystandan Türkmenistana un, balyk we aýna gaplaryny eksport etmek boýunça ylalaşyklar gazanyldy diýlip, habarda bellenilýär.

Türkmenistanyň işewür wekiliýetiniň agzalary saparyň çäklerinde Mahaçkala, Kizlýar we beýleki sebitleriň häkimliklerinde hem gepleşikleri geçirdiler.

Häzirki wagtda Dagystan bilen Türkmenistanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň täze tapgyrynyň başlanandygyny aýdyp bileris. Indi taraplaryň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ep-esli ýokarlanjakdygyny çaklaýarys diýip, Dagystanyň Eksporty goldamak merkeziniň başlygy Ruslan Abaskuliýew aýdýar.

Ýeri gelende bellesek, mundan ozal Türkmenbaşy (Türkmenistan) we Mahaçkala (Dagystan) portlarynyň arasynda ilkinji ýük gämisiniň gatnawynyň ýola goýulmagynyň işjeň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Dagystan Türkmenistana balyk, un we aýna gaplary iberer
Gurban Berdiýew Dinamonyň prezidentiniň geňeşçiligine bellenildi
Dagystan Türkmenbaşydan ugradyljak ilkinji ýük gämisi üçin öz portuny taýýarlaýar
Dagystanda Ysraýyldan gelen uçaryň gonandygy baradaky habardan soň dartgynlyk başdan geçirildi
Telegram Dagystanyň aeroportuny basyp almaga çagyran kanaly petikledi
Hazaryň türkmen kenarynda düwlenler ýene köpçülikleýin gyrylýar