Dagystan Türkmenbaşydan ugradyljak ilkinji ýük gämisi üçin öz portuny taýýarlaýar

Dagystan Türkmenbaşydan ugradyljak ilkinji ýük gämisi üçin öz portuny taýýarlaýar

Türkmenistan we Dagystan Türkmenbaşy we Mahaçkala portlarynyň arasynda ilkinji ýük gämisiniň işe girizilmegini işjeň ara alyp maslahatlaşýarlar. Muny Mahaçkalanyň deňiz söwda porty paýdarlar jemgyýetiniň çeşmelerine salgylanyp, Mirmol sebitara ýaşlar maglumat çeşmesi habar berýär.

Şeýle hem konteýner daşamak üçin parom hyzmatynyň ilkinjileriň hatarynda ýola goýuljakdygy habar berildi. Gäminiň gelmegi Türkmenbaşy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň üstünlikli ýola goýulmagynyň alamaty bolar diýip, çeşme nygtaýar.

Belläp geçsek, Mahaçkala bilen Türkmenbaşynyň arasynda ýük baglanyşygyny açmak pikiri Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow tarapyndan yglan edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Gurban Berdiýew Dinamonyň prezidentiniň geňeşçiligine bellenildi
Dagystanda Ysraýyldan gelen uçaryň gonandygy baradaky habardan soň dartgynlyk başdan geçirildi
Telegram Dagystanyň aeroportuny basyp almaga çagyran kanaly petikledi
Putin Gazada başdan geçirilýän wakalar barada beýannama berdi
Hazaryň türkmen kenarynda düwlenler ýene köpçülikleýin gyrylýar
Dagystan Türkmenistana un we balyk eksport eder