Daşary ýurt raýatlarynyň ýörite uçar gatnawlarynda Türkmenistandan Russiýa uçmak üçin garaşmak möhleti azaldy

Daşary ýurt raýatlarynyň ýörite uçar gatnawlarynda Türkmenistandan Russiýa uçmak üçin garaşmak möhleti azaldy

Daşary ýurt raýatlarynyň ýörite uçar gatnawlarynda Türkmenistandan Russiýa uçmak üçin garaşmak möhleti azaldy.Bu barada Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň “Telegram kanalynda” yglan çap edildi diýip hökümetiň tarapdary bolan neşir ýazýar.

Ilçihananyň gurnaýan ýörite uçar gatnawlarynda Russiýa gitmek üçin berilýän arzalaryň kemelendigi sebäpli daşary ýurt raýatlarynyň resminamalaryny konsulhana bölümine tabşyrandan soňra ýörite uçar gatnawyna garaşmak möhleti 2,5-3 aýa çenli gysgaldyldy.

Rus raýatlary üçin bu möhlet üýtgemedi we 1,5-2 aýa deň.

Belläp geçsek, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy her aýda 2-3 sany ýörite uçar gatnawlaryny “Türkmenistan” we “Sibir” howaýollary şirketleri arkaly amala aşyrýar diýip neşir ýazýar.

Şol bir wagtyň özünde, neşir 1-nji maýda “Türk howaýollarynyň” Türkmenbaşydan-Stambula ýörite uçar gatnawyny amala aşyrjakdygyny hem habar berýär.

“Türk howaýollary” ýene bir ýörite uçar gatnawyny 22-nji aprelde Türkmenbaşydan Stambula amala aşyrar.

Türkmenistandan Türkiýä ahyrky ýörite uçar gatnawy 8-nji aprelde amala aşyrylypdy diýip neşir belleýär.The post Daşary ýurt raýatlarynyň ýörite uçar gatnawlarynda Türkmenistandan Russiýa uçmak üçin garaşmak möhleti azaldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa ABŞ-na seýrek gabat gelýän metallar we energetika boýunça hyzmatdaşlyk teklip etdi
Aşgabatdaky esasy Täze ýyl arçasy GDA-da iň beýik diýlip atlandyryldy
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ ARÇASYNYŇ ÇYRALARY ÝAKYLDY
Aşgabadyň mekdeplerinde Täze ýyl dabarasy üçin “owadan” çagalar saýlanyp alynýar
Türkmenhowaýollary agentligi daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçuşlary üçin petek satuwyny amala aşyrýar
Russiýada 56 dereje sowuk hasaba alyndy
2023-nji ýylyň iň gowy kitaplary saýlandy