Daşoguz şäherindäki motor-abatlaýyş zawodynda iş gurallary öndürilýär

Daşoguz şäherindäki motor-abatlaýyş zawodynda iş gurallary öndürilýär

Gowaça hem şaly ekinlerine ideg işleriniň gyzgalaňly alnyp barylýan häzirki günlerinde Daşoguz şäherindäki motor-abatlaýyş zawodynyň önümleriniň möçberi, edilýän hyzmatlaryňdyr işleriň görnüşleri ep-esli artdy. Netijede zawod boýunça geçen ýarym ýylyň dowamynda 1 million 470 müň manatlyk iş edildi we şu ýylyň alty aýy üçin göz öňünde tutulan meýilnama 183,75 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistan gazetinde berilýän habara görä, kärhanada tejribeli ussalaryň, ezber işçileriň 60-a golaýy zähmet çekýär. Kärhanada önümçilik bölümleriniň 2-si hereket edýär. Mehaniki bölümde oba hojalyk tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň, ekerançylyk işlerinde giňden ulanylýan oba hojalyk gurallarynyň 46 görnüşi öndürilýär hem-de etraplardaky hyzmat ediş kärhanalaryna ugradylýar.

Tehniki bölümde bolsa metallary gaz bilen kesmek we kebşirlemek hem-de tehnikalary abatlaýyş işleri üçin ulanylýan kislorod öndürilýär.

Ýene degişli makalalar

Daşoguzdaky motor-abatlaýyş zawodynda dürli görnüşli iş gurallaryny öndürmek babatda netijeli işler ýola goýuldy
Türkmenistanyň gümrük işgärleri ÝB ýurtlarynyň uzak aralykdan tehnologiýalary ulanmak tejribesini öwrendiler
Türkmenistan Primorskiý kraý sebitinde suw joşmasyndan ejir çeken çagalara ynsanperwerlik kömegini berer, Türkmenistanyň baýdagy dünýäniň iň belent ikinji dag depesinde çykaryldy we beýleki habarlar
Tälimçileriň PRO derejeli okuwçy Aşgabat stadionynda dowam etdi
Türkmen kärhanasy azyk önümlerini saklamak üçin Rowachpack polipropilen torbalary öndürýär
Türkiyäniň gury ýerdäki buzluklary Global ýylylyk sebäpli ýok bolmak howpunyň astynda