DÇ-2022: Şweýsariýa Kameruny minimal hasapda ýeňdi

DÇ-2022: Şweýsariýa Kameruny minimal hasapda ýeňdi

Biraz ozal DÇ-2022-niň G toparçasyndan orun alan ilkinji oýun — Şweýsariýa — Kamerun gapma-garşylygy tamamlandy. Duşuşyk Şweýsariýanyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen gutardy. Şweýsariýa ýeňiş getiren topy 48-nji minutda asly kamerunly bolan Brel Embolo derwezä ýollady.

G toparçasynda birinji tapgyryň ikinji duşuşygy şu gün 23:55-de Braziliýa bilen Serbiýanyň arasynda geçiriler.

Indiki tapgyrda Kamerun Serbiýa bilen, Şweýsariýa bolsa Braziliýa bilen güýç synanyşar. Duşuşyklaryň ikisi hem 28-nji noýabr senesinde geçiriler.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň çäginde DÇ-2022-niň ähli oýunlarynda Match tv teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.

Ýene degişli makalalar

DÇ-2022: Birinji tapgyr Braziliýanyň ýeňşi bilen jemlendi
6 gol geçirilse-de, ýeňiş gazanan bolmady
DÇ-2022: Kamerun Serbiýa bilen oýunda ýeňlişden halas bolmagy başardy
Kamerunda suw süýşgüninde 14 adam heläk boldy
DÇ-2022: Portugaliýa we Braziliýa 1/8 finalda
Braziliýa hem ýeňilýär, şweýsarlar soňky 5 çempionatda 4-nji gezek 1/8 finala çykdy