Derbide 5 gyzyl kart görkezildi, 3 gol geçirildi

Braziliýanyň çempionaty “Serie A”-da Rio derbisi oýnaldy. Çekeleşikli we dartgynly geçen “Flamengo” “Fluminense” duşuşygynda myhmanlar 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. “Fla-Flu” ady bilen meşhur derbiniň gollaryny ýeňiş gazanan topardan Ganso (45 p) bilen Natan (76), ýer eýelerinden hem Gabriel Barbosa (83) geçirdi.

Oýnuň soňky minutlary diýseň dartgynly geçip, 86-90-njy minutlar aralygynda emin her topardan 2 futbolçy (Marinio 86, Ewerton Soares 90 Manoel 86, Çaio Paulista 90) gyzyl kart aldy.

Oýnuň başynda-da “Fluminense” toparynyň goragçysy Dawid Bras gyzyl kart alypdy.Jemi 5 futbolçy gyzyl kart alyp, meýdançasynda çykaryldy.

Bu ýeňişden soň utugyny 48-e ýetiren “Fluminense” köne bäsdeşinden öňe geçip, 3-nji orunda barýar. “Flamengo” bolsa 45 utuk bilen 4-nji ýeri eýeleýär. Möwsümiň 1-nji aýlawyndaky duşuşykda “Flamengo” myhmançylykda 2-1 ýeňiş gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

111 ýyllyk klub taryhynda ilkinji gezek 2-nji liga düşdi
Transfer täzelikleri
Çilili meşhur ýarymgoragçy klubuny täzeledi
Aziýanyň wekili Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda finala çykdy
Futbol boýunça klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna 32 topar gatnaşar
Urugwaýyň Katar 2022-de çykyş etjek oýunçylary mälim boldy