Dünýä çempionaty ― 2022-niň duşuşyklarynyň başlanjak wagty belli boldy

Dünýä çempionaty ― 2022-niň duşuşyklarynyň başlanjak wagty belli boldy

20-nji noýabr ― 18-nji dekabr aralygynda Katarda futbol boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Mundiala 32 ýygyndy gatnaşýar. Indiki dünýä çempionatyndan başlap bolsa final tapgyra 48 ýygyndy gatnaşar.

Katarda ýaryşjak ýygyndylar her biri dört wekilden 8 toparça bölündiler. Özara duşuşyklaryň netijesinde her toparçadan iň güýçli iki ýygyndy 1/8 finala çykar.Toparçada üçünji, dördünji orunlary eýelän ýygyndylar bolsa mundial bilen hoşlaşar. Şeýlelikde, ýaryşy şondan soň 16 ýygyndy dowam eder.

Ýaryşyň 1/8 final duşuşyklary 3 ― 6-njy dekabr aralygynda geçiriler. 1/8 finalda toparçalarda birinji orny eýelän ýygyndylar goňşy toparçada ikinji orny eýelän garşydaşy bilen güýç synanyşar. Mysal üçin, 1/8 finalda A toparçanyň ýeňijisi B toparçada ikinji orny eýelän ýygyndy bilen duşuşar.

Ýaryşyň çärýek final duşuşyklary 9 ― 10-njy dekabrda, ýarym finallar 13-nji we 14-nji dekabrda, üçünji orun ugrundaky duşuşyk 17-nji dekabrda, final bolsa 18-nji dekabrda bolar.

Aşgabat wagty bilen duşuşyklaryň göni ýaýlymda başlanjak wagtynyň tertibi paýlaşýarys:

Birinji tapgyr

20-nji noýabr, ýekşenbe

21:00. Katar Ekwador (A toparça).

21-nji noýabr, duşenbe

18:00. Angliýa Eýran (B toparça);

21:00. Senegal Niderlandlar (A toparça);

00:00. ABŞ Uels (B toparça).

22-nji noýabr, sişenbe

15:00. Argentina Saud Arabystany (C toparça);

18:00. Daniýa Tunis (D toparça);

21:00. Meksika Polşa (C toparça);

00:00. Fransiýa Awstraliýa (D toparça).

23-nji noýabr, çarşenbe

15:00. Marokko Horwatiýa (F toparça);

18:00. Germaniýa Ýaponiýa (E toparça);

21:00. Ispaniýa Kosta-Rika (E toparça);

00:00. Belgiýa Kanada (F toparça).

24-nji noýabr, penşenbe

15:00. Şweýsariýa Kamerun (G toparça);

18:00. Urugwaý Koreýa Respublikasy (H toparça);

21:00. Portugaliýa Gana (H toparça);

00:00. Serbiýa Serbiýa (G toparça).

Ikinji tapgyr

25-nji noýabr, anna

15:00. Uels Eýran (B toparça);

18:00. Katar Senegal (A toparça);

21:00. Niderlandlar Ekwador (A toparça);

00:00. Angliýa ABŞ (B toparça).

26-njy noýabr, şenbe

15:00. Tunis Awstraliýa (D toparça);

18:00. Polşa Saud Arabystany (C toparça);

21:00. Fransiýa Daniýa (D toparça);

00:00. Argentina Meksika (C toparça).

27-nji noýabr, ýekşenbe

15:00. Ýaponiýa Kosta-Rika (E toparça);

18:00. Belgiýa Marokko (F toparça);

21:00. Horwatiýa Kanada (F toparça);

00:00. Ispaniýa Germaniýa (E toparça).

28-nji noýabr, duşenbe

15:00. Kamerun Serbiýa (G toparça);

18:00. Koreýa Respublikasy Gana (H toparça);

21:00. Serbiýa Şweýsariýa (G toparça);

00:00. Portugaliýa Urugwaý (H toparça).

Üçünji tapgyr

29-njy noýabr, sişenbe

20:00. Ekwador Senegal, Niderlandlar Katar (A toparça);

00:00. Eýran ABŞ, Uels Angliýa (B toparça).

30-njy noýabr, çarşenbe

20:00. Awstraliýa Daniýa, Tunis Fransiýa (D toparça);

00:00. Saud Arabystany Meksika, Polşa Argentina (C toparça).

1-nji dekabr, penşenbe

20:00. Kanada Marokko, Horwatiýa Belgiýa (F toparça);

00:00. Kosta-Rika Germaniýa, Ýaponiýa Ispaniýa (E toparça).

2-nji dekabr, anna

20:00. Gana Urugwaý, Koreýa Respublikasy Portugaliýa (H toparça);

00:00. Serbiýa Şweýsariýa, Kamerun Serbiýa (G toparça).

Ýene degişli makalalar

DÇ-2022: Senegal Ekwadory ýeňip, 1/8 finala çykdy
Eýran ABŞ, Ekwador Senegal: haýsy toparlara näçe utuk, nähili netije gerekli? (3-nji aýlawyň ilkinji duşuşyklary)
Çempionata jemi näçe futbolçy gatnaşýar, iň köp haýsy ýurduň klublary wekilçilik edýär?
Katar 2022-niň iň ýaş we ýaşuly ýygyndylar
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Senegal 20 ýyldan soň 1/8 finalda