Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi açyldy

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi açyldy

Düýn 17-nji aprelde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, saglygy goraýyş işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Açylyp ulanmaga berlen bu merkeze Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň B.Braun kompaniýasynyň Dialog+ kysymly iki sany emeli böwrek enjamy sowgat berildi. Bu enjam dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglaryň ganyny arassalamak arkaly olaryň saglygyny gowulandyrmaga, ömür dowamlylygyny uzaltmaga ýardam edýär.

Merkez iki sany aýratyn binadan ybarat bolup, olar eneler we çagalar üçin niýetlenendir. Her binanyň öz kabul ediş, anyklaýyş-maslahat beriş, kliniki laboratoriýa, anesteziologiýa, reanimasiýa bölümleri bar. Bu bölümlerde ornaşdyrylan enjamlar ýokary derejeli bejergi we barlag işlerini geçirmäge ýardam edýär.

Täze açylan merkeze ýörite awtoulaglar sowgat berildi. Ol welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etmek bilen, raýatlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge mynasyp goşandyny goşar.

Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ynsan saglygynyň jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy
Maryda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi açyldy
11-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Aşgabatda Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara forum geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
R.Meredow Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy