Futbol boýunça geljek ýylyň tomsunda
geçiriljek 16-njy Ýewropa çempionatynyň toparçalarynyň
bijeleri çekildi. Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde geçirilen
bije çekiliş dabarasyna futbol dünýäsiniň öňki-soňky ýyldyzlary, toparlaryň
tälimçileri gatnaşdylar.
Bijä laýyklykda “A” toparçada Italiýanyň,
Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Uelsiň, “B” toparçada Belgiýanyň, Russiýanyň, Daniýanyň,
Finlýandiýanyň, “C” toparçada Gollandiýanyň,
Ukrainanyň, Awstriýanyň, Pleý-offuň ýeňijisi
(“A”/ “D”), “D” toparçada Angliýanyň, Horwatiýanyň, Çehiýanyň, Pleý-offuň ýeňijisi (“C”), “E” toparçada Ispaniýanyň,
Şwesiýanyň, Polşanyň, Pleý-offuň ýeňijisi
(“B”) hem-de “F” toparçada Portugaliýanyň, Fransiýanyň,
Germaniýanyň, Pleý-offuň
ýeňijisi (“A”/“D”) çykyş eder. Çempionat geljek ýylyň 12-nji iýunynda
başlap, 12-nji iýunynda tamamlanar. Çempionat Ýewropanyň
Rim, Bilbao,
Baku, London, Sankt-Peterburg, Münih, Amsterdam, Buharest, Glazgo, Dublin, Kopengagen, Budapeşt ýaly 12 sany şäherinde
geçiriler.
“A” TOPARÇA(Rim, Baku): Italiýa, Şweýsariýa, Türkiýe, Uels
“B” TOPARÇA(Kopengagen, Sankt-Peterburg):
Belgiýa, Russiýa, Daniýa, Finlýandiýa
“C” TOPARÇA(Amsterdam, Buharest): Gollandiýa, Ukraina, Awstriýa, Pleý-offuň ýeňijisi (“A”/“D”)
“D” TOPARÇA(London, Glazo): Angliýa, Horwatiýa, Çehiýa, Pleý-offuň ýeňijisi (“C”)
“E” TOPARÇA(Bilbao, Dublin): Ispaniýa, Şwesiýa, Polşa, Pleý-offuň ýeňijisi (“B”)
“F” TOPARÇA(Münih, Budapeşt): Germaniýa, Fransiýa, Portugaliýa, Pleý-offuň ýeňijisi (“A”/ “D”)
