Eýranda zäherlenme wakalary bilen baglanşykly 5 adam göz tussaglygyna alyndy

Eýranda zäherlenme wakalary bilen baglanşykly 5 adam göz tussaglygyna alyndy

Eýranly Talyplar habarlar agentligi ISNA tarapyndan berilen habarlara görä, Eýranyň Polisiýa gullugynyň metbugat geňeşçisi Said Muntazarulmehdi, ýurt derejesinde alada döreden gyz okuwçylaryň zäherlenmegi wakalary bilen baglanşykly göz tussaglyklar barada jikme-jik maglumat berdi.

Said Muntazarulmehdi: "Pars welaýatynyň Laristan etrabynda 3-si zenan jemi 5 adam, gyz okuwçylaryň gidýän mekdepleriň howlusyna zäherli madda atmaklary sebäpli göz tussaglygyna alyndy" diýip mälim etdi.

Şübhe astyndaky adamlaryň etrapdaky 7 mekdebiň howlusyna azot gazyny zyňandyklary anyklanandygyny aýdan Said Muntazarulmehdi, göz tussaglygyna alynan 3 zenanyň 53 gyz okuwçynyň zäherlenmegine sebäp bolan aksiýalary bellige alyp, Eýranyň häkimiýetine garşy bolmak bilen öň hatara çykan "Iran International" telewideniýe kanalyna ugradandyklaryny habar berdi.

Said Muntazarulmehdi göz tussaglygyna alynan adamlaryň soraga çekilen mahallary maksatlarynyň Eýranyň häkimiýeti bilen bagly negatiw duýgular döretmekdigini we mekdeplerde howp emele getirmekdigini aýdandyklaryny aýan etdi.

Içeri işler ministriniň orunbasary Mejid Mirahmedi, düýn beren beýanatynda, okuwçylaryň köpçülikleýin zäherlenmekleri hadysalaryna goşulandyklary anyklanan adamlaryň 5 aýry welaýatda razwedka gulluklary tarapyndan göz tussaglygyna alynandygyny habar beripdi.

Eýranyň Mejlisiniň Zäherlenme wakalaryny derňemek komissiýasynyň agzasy Muhammed Hasan Asferi düýn beren beýanatynda, 2022-nji ýylyň 30-njy noýabryndan bäri 25 welaýatdaky 230 aýry mekdepde aglabasy gyz okuwçylar bolan 5 müňden gowrak okuwçynyň zäherlenendigini mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Ali Şir Nowaýy
Täjigistanda gurulýan türkmen mekdebiniň gurluşyk işleri maslahatlaşyldy
Türkmenistan we Özbegistan bilelikdäki çäreleriň Ýol kartasyna gol çekdiler
Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň daşary işler ministrini kabul etdi
Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryna seredildi
TBMM-niň Başlygy Kurtulmuş, Özbegistanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi
Türkmenistan we Täjigistan parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrýar