Eýranyň Türkmenistana eksporty 100 göterimden gowrak artdy

Eýranyň Türkmenistana eksporty 100 göterimden gowrak artdy

Şu ýylyň birinji çärýeginde (Eýran senenamasyna görä, 21-nji martdan 21-nji iýuna çenli) Lutfabad serhet geçelgesinden (türkmen tarapy — Artyk) Horasan-Rezawä nebitden daşary harytlaryň eksportynyň gymmaty, ýylyň soňky döwri bilen deňeşdirilende, 103 göterim ýokarlandy.

Bu barada Lutfabadyň gümrük gullugynyň başlygy Gurban Karriminiň sözlerine salgylanyp, IRNA habarlar gullygy berdi. Karriminiň aýtmagyna görä, şu ýazda Türkmenistana 77,53 million dollarlyk harytlar eksport edildi, bu bolsa geçen ýazdakydan 38,17 million dollar köpdür.

Şu ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistana 107,500 tonna haryt eksport edildi we bu görkeziji 64 göterim ýokarlandy. Ýeri gelende bellesek, eksport edilen bu harytlara dört müňden gowrak gümrük deklarasiýasy berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Eýran adaty ýük gatnawyny gaýtadan dikeldýär
Türkmenistanyň Eýrandan nebit däl önümleriniň importy 103% ýokarlandy
Eýrandaky sil apatynda 4 adam ýogaldy
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Türkmenistan, Eýran we Özbegistan wiza almagyň düzgünlerini ýönekeýleşdirmegi maslahatlaşarlar
Eýranda çägeli tupan başdan geçirilýär