Forbes: dünýäniň baý adamlarynyň emlägi azaldy

Forbes: dünýäniň baý adamlarynyň emlägi azaldy

Dünýäniň iň baý adamlarynyň 10-synyň umumy emlägi 50 milliard dollara azaldy diýip, Forbes žurnalyna salgylanýan Habar 24 ýazýar.

Milliarderleriň sanawynyň başyny çekýän Ilon Mask soňky aýda 35 milliard dollaryny öz kompaniýasynyň paýnamalarynyň arzanlamagy bilen baglylykda ýitirdi. Bu onuň emläginiň dörtden bir bölegine golaýdyr.

Şeýle-de Louis Vuitton kompaniýasynyň prezidentiniň öz pullarynyň bir bölegini ýitirendigi habarda aýdylýar, ýagny onuň girdejisi 10 mlrd dollar azaldy.

Ýene degişli makalalar

Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy
Ilon Mask baý adamlaryň sanawyndaky ornuny ýitirdi
"Louis Vuitton" brendiniň eýesi ýene-de dünýäniň iň baý adamy
18-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi